DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi sapary meýilleşdirilýär

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny iberdi. Şol gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi saparynyň meýilleşdirilýändigi bellenilýär.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Sizi tutuş dünýäniň musulmanlary tarapyndan uly şatlyk bilen bellenilýän, biziň ýurtlarymyzyň halklary üçin rehimdarlygyň hem-de hormat goýmagyň nyşany bolan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Soňky ýyllarda Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde geljekde-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň biziň ýurdumyza öňde boljak döwlet saparyňyz we meýilleşdirilen netijeli gepleşikler iki goňşy hem-de wagtyň synagyndan geçen doganlyk ýurtlaryň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, umumy ösüşe, dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.

Beýik Allatagalanyň biziň kalplarymyzy rehimdarlyk, hoşniýetlilik bilen nurlandyrýan şu baýramçylyk günlerinde Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär