JEMGYÝET

Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja gitdiler

Türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmäge ugradylar.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.

Zyýarata gidýänler ilki bilen , paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Ärtogrul gazy” metjidine geldiler. Bu ýerde zyýaratçylara hat parzyny berjaý etmegiň düzgünleri we olaryň ugurlary barada gürrüň berildi. Şeýle hem bu ýerde zyýaratçylar agzybirlikde öýle namazyny okadylar. Soňra ýurdumyzyň zyýaratçylary bu ýerden Parahat 7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän “Hezreti Omar” metjidine tarap ugradylar. Metjitde bolmaklarynyň çäklerinde zyýaratçylar yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý etmek ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Zyýaratçylar “Hezreti omar” metjidinden ak mermerli paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde Mekge-Medinä gidýän zyýaratçylaryň haj parzyny berjaý etmekleriniň we çäräniň üstünlikli geçmeginiň hatyrasyna sadaka berildi. Şanly waka mynasybetli berlen sadakalar zyýaratçylara türkmen halkynyň milli aşhanasynyň datly tagamlary hödür edildi.

Soňra zyýaratçylar ak uçara münüp, mukaddes topraklara gitdiler.

 

“Barselona” futbolçy transferleri üçin 200 million ýewro sarp eder

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady