BIZNES

Putin: “Gazpromyň” ýolbaşçylary Türkmenistanda bolarlar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitine gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammitden soňra žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

“TASS” habarlar gullugynyň habaryna görä, Wladimir Putin “Gazpromyň” ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Türkmenistanda boljakdygyny belledi.

Rus Lideri, energetika hyzmatdaşlygynyň däp bolan ugurlarynda Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda käbir şertnamalaryň dowam etdirilmegi barada ylalaşyklaryň bardygyny belledi.

 

Putin: Serdar Berdimuhamedow tejribeli syýasatçy

Related posts

Türkmen wekiliýeti Şweýsariýada dünýäniň iri maliýe düzümleri bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanda täze maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä bellendi

“Victory” brendli türkmen köýnekleri daşary ýurda iberiler