JEMGYÝET

Putin: Serdar Berdimuhamedow tejribeli syýasatçy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitine gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammitden soňra žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaş we tejribeli syýasatçydygyny belledi.

“TASS” habarlar gullugynyň bellemegine görä, Wladimir Putin beren beýanatynda: “Türkmenistany we Türkmenistanyň halkyny şeýle gowy saýlaw bilen gutlamak isleýärin. Täze Prezident, bilimli we eýýäm döwlet işinde tejribesi bolan, gujurly syýasatçydyr” – diýip belledi.

Rus Lideri Türkmenistanyň Prezidenti bilen gowy gatnaşyklarynyň bardygyny belledi. Putin Türkmenistanyň Prezidenti bilen Moskwa saparynda örän netijeli gepleşikleriniň bolandygyny hem belläp geçdi. Şol duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk meýilnamalaryň eýýam durmuşa geçirilip başlanandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gowy gatnaşyklaryň bolandygyny, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen türkmen-rus gatnaşyklarynda netijeli binýadyň goýlandygyny mälim etdi.

 

VI Ha­zar sam­mi­ti­niň Be­ýa­na­ty

Related posts

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Asya oyunlarına 100 gün kaldı: Ankara Etkinlikleri

vepa

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi