DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Özbegistanyň Prezidenti Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gyny dog­lan gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, berk jan sag­lyk, uzak ömür, Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len kö­pu­gur­ly iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman Türkmenistanyň döremegine we döwletiň halkara arenasyndaky abraýyny ýokarlandyrmagyna, Özbegistan-Türkmenistan dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegine goşan ägirt uly goşandyny aýratyn bellendi.

Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky köp maksatnamalaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyrjak saparyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, söwda we senagat, ulag we logistika, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň ösdürilmegine, sebitara gatnaşyklaryň hem-de medeni we ynsanperwer alyş-çalyşlaryň işjeňleşmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar sebit hyzmatdaşlygy hem-de Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi ugrunda edilýän tagallalary maslahatlaşdylar.

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda geçirilen VI Hazar sammitiniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

 

VI Ha­zar sam­mi­ti­niň Be­ýa­na­ty

Ýene-de okaň

Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri Tbilisi sebitleýin forumyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy