SPORT

Mane “Bawariýa” bilen şertnama baglaşdy

Angliýanyň “Liwerpul” topary bilen uly üstünlikleri gazanyp, şöhrat basgançaklaryna çykan Sadio Mane Germaniýanyň güýçli toparlaryndan “Bawariýa” topary bilen resmi taýdan şertnama baglaşdy.

Senegally Sadio Mane nemes toparynyň düzümine goşulyp, lukmançylyk barlaglaryndan geçdi. Soňra ol toparyň ýolbaşçy düzüminiň gatnaşmagynda resmi şertnama gol çekdi. Maneniň şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda dolýar.

Mundan soňra “Liwerpul” toparynda oýnamajakdygy özünde üýtgeşik täsirleri galdyrýandygyny bellän Mane geljekde täze toparynyň üstünlikleri üçin tagalla etjekdigini belledi.

Ol “Liwerpul” toparynda 2016-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýärdi. 6 ýylyň dowamynda bu toparda uly üstünlikleri gazandy. Ol “Liwerpul” toparynyň düzüminde 269 duşuşykda çykyş edip, 120 gol geçirdi.

Mane ozal Awstriýanyň “Zalsburg” hem-de Angliýanyň “Sautgempton” toparlarynda çykyş edipdi.

 

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasarynyň Türkmenistana sapary

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi