SPORT

38 ýaşyndaky derwezeçi ilkinji gezek gyzyl kart aldy

Germaniýanyň hem-de “Bawariýa” futbol toparynyň meşhur derwezeçisi Manuel Noýer futbol karýerasynda ilkinji gezek gyzyl kart alyp, meýdançadan çykdy.

38 ýaşyndaky derwezeçi Germaniýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “Baýer” topary bilen geçirilen duşuşygyň 17-nji minutynda emin tarapyndan gyzyl kart görkezilip, oýundan çykdy.

Karýerasynda ilkinji gyzyl kartyny alan Noýer futbol janköýerlerinden ötünç sorady. Güýçli derwezeçiniň oýundan çykmagy bilen “Bawariýa” topary 10 futbolçy bolup, oýny dowam etdirdi we 1:0 hasabynda utuldy.

Related posts

Iň köp gazanýan zenan türgenler

Ata Watan Eserleri

Transfer döwri ýapyldy: Grizmann “Atletiko” dolandy

Portugaliýa, Fransiýa we Belgiýa Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy