MEDENIÝET

Adam beýnisiniň işleýşini güýçlendirýän saz

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň alymlary öz gözleglerinde “gruw” aýdym-saz görnüşiniň adam beýnisiniň işleýşini ýokarlandyrýandygyny ýüze çykardylar.

– Garaşylmadyk netijeler berdi – diýip, alymlaryň toparynyň ýolbaşçysy Hideaki Soýa gürrüň berdi.

Täze gözlegde, ABBA-dan Be Gees-e çenli köp sanly meşhur aýdym-saz toparynyň eserlerini öz içine alýan bu aýdym-saz žanrynyň diňleýjiniň “ýerine ýetiriji funksiýasyny” gowulandyrýandygy ýüze çykaryldy.

Ylmy barlagda beýniniň çep tarapyndaky ýerine ýetiriji funksiýa jogap berýän dorsolateral gabygyň işjeňligi hem-de bu bölege sazyň täsiri seljerildi.

“Gruw” žanry köplenç tans sazy bilen jübütlense-de, aslynda ritmiki aýdymlaryň köpüsini öz içine alýar. (Deprek, elektrik bas ýa-da kontrabas, gitara we klawişli saz guraly).

 

 

8-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Balkan welaýatynda 22-nji iýunda Medeniýet hepdeligine badalga berler

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär