Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmagyň uly ähmiýeti bardyr. Çünki ýurdumyzyň ösüşini häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýurdumyzda döwrebap sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ilki bilen ilatyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýokary depginli ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde hem-de işewürleriň dünýä bazaryndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Sanly ykdysadyýet – bu ykdysadyýetiň täze görnüşi bolup, ol maglumatlaryň ulalýan göwrüminiň toplumyny döretmek, işläp geçmek, saklamak, ibermek we peýdalanmak bilen bagly gatnaşyklaryň jemidir. Sanly ykdysadyýetiň esasy düzüm bölekleri bolup, olar sanly elektron söwda, sanly internet-banking, sanly elektron tölegler, sanly internet-marketing, sanly hyzmatlar ulgamydyr.
Sanly elektron söwda – bu internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýan maliýe amallaryň we geleşikleriň dowamynda bolup geçýän harytlaryň we hyzmatlaryň alyş-çalşygy we pul serişdeleriniň geçirimleri bolup durýar.
Ýurdumyzda özgertmeler ýaýbaňlandyrylýan häzirki zaman şertlerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler hem az däldir. Diýarymyzda sanly ykdysadyýet, sanly bilim bilen bagly kabul edilen resminamalar we maksatnamalar esasynda amala aşyrylýan özgerişler munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmekde maliýe ulgamy, sanly bilim, elektron söwda, bank hyzmatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çygrynda ajaýyp işler durmuşa geçirildi. Raýatlara döwrebap hyzmatlary hödürlemek we bellige almagyň elektron ulgamyny döretmek arkaly edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek işiniň bir bitewi maglumat-telekommunikasiýa toruna birikdirilmegi, elektron maglumatlaryň binýadynyň döredilmegi boýunça «bir penjire» programma üpjünçiligi ulanyşa girizildi.
Häzirki wagtda döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurduň kuwwaty ylmyň we bilimiň ösüşi bilen şertlendirilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň bilen bir hatarda biziň döwletimizde hem milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini artdyrmak babatynda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyna eýerip, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi we kämilleşdirilişi belent sepgitlere ýetirilýär.
Alnyp barylýan döwlet syýasaty halkara ähmiýetli köpugurly ykdysady wezipeleri çözmäge hem-de ähli pudaklarda täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Döwletiň ylym-bilim kuwwaty we ylmy-tehniki mümkinçilikleri ýurduň innowasion ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýär. Häzirki döwürde islendik döwletiň esasy maksady innowasiýalar ykdysadyýetini kemala getirmekden ybaratdyr. Innowasion ykdysadyýet innowasiýalara, yzygiderli kämilleşdirilýän ýokary tehnologiýalara, olaryň esasynda taýýarlanylýan önümleriň önümçiligine hem-de eksportyna esaslanýar. Ykdysadyýetiň bu görnüşi innowasion ulgamyň kemala gelmeginiň esasynda ösdürilýär.
Sanly tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almagyna, hünär taýýarlygyny, tejribelerini kämil derejede ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipesi talyplaryň sanly ulgam babatdaky sowatlylygyny gazanmak bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň maksadymyz hem döwrüň talabyna laýyk gelýän, öz hünäri boýunça täzeçe pikirlenip we netijeli işläp biljek kämil hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat. Bu ugurda, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwrenmekde, geljekki hünärmenleriň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmekde sanly ulgam uly ýardam edýär. Bilim portallarynyň döredilmegi ylym-bilime degişli maglumatlar, gollanmalar, kitaplar, wideo hem-de audiomateriallar ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär.