SPORT

Türkmenistanyň Aziýa çempionatyndaky garşydaşlary belli boldy

Şu gün, 26-njy maýda onlaýn görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde futzal boýunça Aziýa çempionatynyň final böleginiň bijeleri çekildi.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy “B” toparçada Özbegistanyň, Bahreýniň hem-de Täjigistanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.

Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň nobatdakysynyň 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabryndan – 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýt döwletinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Gyrgyz Respublikasynda geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy.

Merkezi we Günorta sebitinde geçirilen saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başarypdy.

Bije çekişligiň netijesi:

“А” toparça: Kuweýt, Yrak, Taýland, Oman.
“B” toparça: Özbegistan, Bahreýn, Täjigistan, TÜRKMENISTAN.
“C” toparça: Eýran, Liwan, Hytaý Taýpeýi, Indoneziýa.
“D” toparça: Ýaponiýa, Wýetnam, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany.

 

2 gawunyň bahasy 23,55 müň dollar

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri