SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pandemiýa 573 adamy milliarder etdi

Koronawirus pandemiýasy döwründe 573 adam milliarder boldy. Bu barada “Oxfam International” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Gabriel Buher habar berdi.

Pandemiýa döwründe her 30 sagatda täze milliarder döredi. Pandemiýa täze baýlary ýüze çykardy. 2022-nji ýylyň martynda dünýäde 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 573 milliarder köp boldy.

Guramanyň maglumat bermegine görä, azyk we energetika pudagynyň milliarderleriniň emlägi soňky 2 ýylda 453 milliard dollara ýetdi. Meselem, “Cargill” atly azyk ägirdi geçen ýyl köp möçberde uly girdeji gazanyp, girdejisini 5 milliard dollara ýetirdi. Häzirki wagtda “Cargill” maşgalasynyň baýlygy 12 milliard dollar bolup, pandemiýadan ozal bu görkeziji 8 milliard dollara deňdi.

Şeýle hem pandemiýa döwründe farmasewtika pudagynda 40 täze milliarder peýda boldy. Şu ýylyň martyndaky ýagdaýa görä, milliarderleriň jemi baýlygy 12,7 trillion dollara deň boldy. Geçen ýyl baýlaryň baýlygy dünýäniň jemi içerki önüminiň 14 göterimine deň boldy.

 

 

Türkmen diplomatlary Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi