Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir.
Şöhratly pederlerimizden miras galan asylly däpler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, şahsy göreldesi bilen dowam edýär we ösdürilýär. Şeýle däpleriň biri-de, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan işlerdir.
Ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerinde, goşgy setirlerinde ahalteke bedewleriniň waspy belentden-belent ýaňlanýar.
Häzirki döwürde atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi eziz Watanymyzda kemala geldi, türkmen bedewlerine goýulýan hormat-sarpa has-da belende göterildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabatda we welaýat merkezlerinde atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýylda halypa çapyksuwarlar bilen birlikde, ýetiginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda hem at çapyşyklarynyň yzygiderli guralmagy, ýurdumyzda bedew ata goýulýan hormat- sarpanyň ýokarydygyna güwa geçýär. Halkymyz bedew aty bagtyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde özüniň milli gymmatlygy, baýlygy saýypdyr. Türkmen halkynyň «Görogly» şadessany umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna mynasyp goşant goşdy.
Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan meşhur «Görogly» şadessanynyň türkmen nusgasy taryhylygy, özboluşlylygy, milliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Edebi gymmatlyklarymyzyň naýbaşy eseri bolan meşhur «Görogly» şadessanynyň dünýäniň çar tarapyna ýaýran ýordumy häzirki wagtda düýpli öwrenilýär. Çünki bu deňsiz-taýsyz ruhy mirasymyza näçe çuň aralaşdygyňça, biri-birine sepleşip gidýän, biri-biriniň üstüni ýetirýän täsin däp-dessurlar, çeper wakalar ýüze çykyp dur. Ata-babalarymyz taryhy ösüşiniň dowamynda özüniň milli baýlyklaryny aýawly gorap, onuň çeperleşmegi üçin, zehin baýlygyny siňdiripdir.
Ahalteke bedewi özüniň taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy. Dünýä çempiony Ýanardag Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi we ol erkinligiň hem-de garaşsyzlygyň hemişelik nyşanyna öwrüldi. Şol döwürden naýbaşy tohumdaky atlary mundan beýläk-de artdyrmak, ony dünýä ýüzünde ýaýratmak we meşhur etmek babatdaky maksada okgunly tohumçylyk seçgi işlerine badalga berildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi döredildi. Birleşik ahalteke bedewlerine öz ömürlerini bagyşlan hünärmenleriň ägirt uly işlerini utgaşdyrýar. Ajaýyp tohumdaky atlary ösdürip ýetişdirmegiň gizlin syrlaryny, tejribelerini atadan ogla geçiren türkmen seçgiçileriniň köp nesilleri özleriniň köp asyrlyk tejribelerine daýandylar we bu ugurdaky durmuşa geçirilýän çäreler ahalteke bedewleriniň sanyny hem-de arassalygyny dikeltmäge, geçmişdäki tohumçylyk nesil ugurlaryny hem-de atşynaslygyň asylly däplerini giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz täze Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar.
Şeýle asylly işler ahalteke bedewlerimize goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.