BIZNES

Ak reňkdäki göwher satuwa çykarylar

Ženewada “Christie’s” söwda öýünde iň uly ak reňkdäki göwher satuwa çykarylar. Bu barada “CNN” teleýaýlymy habar berýär.

“The Rock” atly göwher daşynyň agramy 228,31 karata deňdir. Daşyň ölçegi golf topunyň ululygyndadyr. Onuň takmynan 30 million dollara satylmagyna garaşylýar.

Mundan ozal, ak reňkdäki uly göwher daşy 2017-nji ýylda satylypdy. Onuň agramy 163,41 karata deňdi.

Şeýle hem golaýda, iri gök reňkdäki göwher daşy satylypdy. 15 karatlyk bu gymmat bahaly daş Gonkongda 57,4 million dollara alyjyna gowşurylypdy.

 

Täze ugurlar boýunça uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Related posts

Hytaý 300 sany uçar satyn alýar

Türkmenistandaky internet-dükanlary nähili tertipde işleýär?

Ata Watan Eserleri

Londonda «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly forum geçirilýär