Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde koronawirus çäklendirmelerini aradan aýyrmak barada hasabatlar berildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew dünýäde pandemiýa ýagdaýynyň peselip başlandygy, köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada BSGG-niň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenilendigini belledi.
Şonuň bilen baglylykda, şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu teklibi makullady.
