JEMGYÝET

Türkmenistanda 1-nji iýundan açyk ýerlerde örtük dakynmak ýatyrylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde koronawirus çäklendirmelerini aradan aýyrmak barada hasabatlar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew dünýäde pandemiýa ýagdaýynyň peselip başlandygy, köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada BSGG-niň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenilendigini belledi.

Şonuň bilen baglylykda, şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu teklibi makullady.

Related posts

“Wikipediýa”: Türkmen sungat ussatlary

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Gagariniň heýkeli guruldy

Ýurdumyzyň türgenlerini sylaglamak dabarasy

Ata Watan Eserleri