SPORT

Futbol duşuşyklary 90 minutdan 60 minuta çenli azaldylar

Halkara Futbol Federasiýasy futbol duşuşyklaryny 60 minuta çenli azaltmak mümkinçiligini öwrenýär.

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Futbol Assosiasiýasynyň Geňeşi (IFAB) futbolda arassa oýnamak wagtyny girizmek we oýny 90-dan 60 minuta çenli azaltmak mümkinçiligi babatda pikir alyşýar. Bu barada FIFA-nyň öňki emini Mark Klattenburg habar berdi.

Klattenburg emin bolan döwründe futbolçylardan oýnuň esasy wagtyna gaty köp ýa-da gaty az minut goşandygy barada şikaýatlary yzygiderli alandygyny belledi.

Häzirki wagtda bu ugurda Pýerluiži Kollina, FIFA we IFAB guramalary degişli işler alyp barýar. Futbol düzgünlerine täzeçillik girizmek göz öňünde tutulýar.

Top meýdançadan çykan ýagdaýynda, oýunçy şikes alsa, emin duýduryş berip, kimdir biri bilen gürleşende sekundomeriň saklanmagy teklip edilýär.

 

USAID Türkmenistanda galyndylary kämil dolandyrmakda goldaw berýär

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy