Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň ajaýyp söz ussadyna ägirt uly söýgüsiniň nyşany bolan, belentlikden howalanyp görünýän ýadygärligiň ýanyna geldi. Döwlet Baştutanymyz toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Wise-premýer Ç.Purçekow gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimize Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýerleşýän ýeriniň we umumy görnüşiniň çyzgysy görkezildi. Bu desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi.
Soňra türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrymyzyň heýkeli barada düşünje berýän taslamalar görkezildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.
Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän diwar ýazgysynyň görnüşleri hem-de yşyklandyryş ulgamlary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň daşky girelgesiniň, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, bassyrmalaryň we awtoduralgalaryň hödürlenen çyzgylary bilen hem ünsli tanyşdy. Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän çüwdürimli we heýkelli toplumyň durkunyň täzelenilmeginiň teklip edilýän görnüşi görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň umumy görnüşi, hödürlenen çyzgylar bilen tanşyp, ony abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de toplumyň giň çäkleriniň ýanaşyk ýerleriniň arassaçylygyny saklamaga degişli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, täze medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak we onuň çäklerini bagy-bossanlyga büremek baradaky meselelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde bag nahallarynyň şu ýeriniň howasyna uýgunlaşdyrylan dürli görnüşleri ekilip, olar paýtagtymyzyň ajaýyp tebigy künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, bagy-bossanlyga degişli işleriň alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak tabşyrylyp, bu babatda anyk görkezmeler berildi.
Soňra bu ýerde wise-premýer M.Mämmedowa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de filosofynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna guraljak ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, wise-premýere ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilen ähli çärelere taýýarlyk görlüşine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Heýkel Magtymguly Pyragynyň özüniň nusgalyk şygryýeti ýaly ajaýyp we gözel bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu ýere ýygnananlara alnyp barylýan işlerde hut şu ýörelgelerden ugur almagy tabşyrdy.