JEMGYÝET

Gadyr gijesi mynasybetli günä geçişlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz mübärek Gadyr gijesi mynasybetli 514 sany raýatymyzyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Döwlet Baştutany, ilki bilen, göni wideoaragatnak arkaly Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewiň hasabatyny diňledi. B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň gysga döwürde öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri görmelidigini belledi.

 

“Merkezi Aziýa-Russiýa” daÅŸary iÅŸler ministrleriniň duÅŸuÅŸygy geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýada halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Türkmen bedewleri Özbegistanda gözellik bäsleşigine gatnaşar

Özbek we hindi küştçisi dünýä çempionlygy üçin bäsleşer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi