Her gezek halypalar hakynda makala ýazanymda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp, ilki bilen olaryň bibliografik görkezijisini gözden geçirýärin. Şonda kitaphana işiniň hyzmaty hakynda oýlanýaryn. Bu ugurda uly işler bitiren halypalar ýadyma düşýär. Şeýle halypalaryň biri taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Almaz Ýazberdiýew. Almaz aganyň bu ugurda bitiren işleri juda kän. Olar hakynda onuň dürli ýyllarda metbugat sahypalarynda çap bolan makalalaryndan hem-de teleýaýlymlardaky çykyşlaryndan bilýärin. Ýöne geçen ýyl görnükli alym Zylyha Muhammedowa barada ýatlama ýazjak bolanymda, Almaz aganyň uly zähmeti bilen bu alymyň bibliografik görkezijisiniň taýýarlanandygy hakyndaky maglumata gabat geldim. Şol hem mende Almaz aga bilen söhbetdeşlik taýýarlamaga gyzyklanma döretdi.
Ýakynda maşgala ojagyna baranymda-da, söhbetdeşligimizi onuň Zylyha Muhammedowa baradaky şu gürrüňlerinden başladyk. Ol:
— Bir mahal öňki Leningradyň Döwlet jemagat kitaphanasynyň arhiwinden alym Samoýlowiçiň elýazmasyny tapdym. Şo barada-da makala ýazdym. Makalamy Zylyha Muhammedowa bilen maslahatlaşmalydygymy, eger onuň makala göwni ýetse çap ediljekdigini aýtdylar. Şonda onuň ýanyna baryp, şol makalamy görkezdim. Ol okap, soňra jaň üsti bilen makalamyň otuz sahypasynyňam çap edilmegine ýardam etdi — diýip gürrüň berdi. Munuň özi ençeme dilden suwara baş çykarýan, juda sowatly, özem hiç bir adamyň eden işine onuň göwni üçin baha bermeýän, gönümel häsiýetli alymyň ýaş hünärmeniň döredijilik ýolundaky ilkinji ädimlerine beren uly bahasyndan habar berýär. Hemem onuň geljegine bil baglap boljak zehinlere goldaw berip, elinden gelen mümkinçilikleri döredýändigini görkezýär.
Almaz Ýazberdiýew 1939-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň Keýikoý obasynda doglan. 1947-1953-nji ýyllarda bu obanyň ýediýyllyk mekdebini tapawutlanan şahadatnama bilen tamamlaýar. Şol döwürde etrapda bary-ýogy iki sany orta bilim berýän mekdep bolupdyr. Ol 1953-1956-njy ýyllarda etrap merkezindäki 1-nji orta mekdepde okuwyny dowam etdirýär. Onuň kitaba bolan söýgüsi ýaşlykdan güýçli bolupdyr. Dogduk mekanyndaky oba kitaphanasynda bar bolan türkmen dilindäki kitaplaryň ählisini diýen ýaly okap çykýar. Orta mekdebi tamamlandan soň, okuwyny dowam etdirmek üçin 1956-njy ýylda Aşgabada gelýär. Aşgabadyň 4-nji gurluşyk montaž edarasynda agaç ussasy bolup işleýär. Ol bir gün tötänden Medeni aň-bilim tehnikumynyň jaýyna barýar. Tehnikumyň zalyndaky türkmen we rus ýazyjy-şahyrlaryna bagyşlanyp guralan kitap sergileri onda uly täsir galdyrýar we onuň kalbynda öz durmuşyny kitaba bagyşlamak meýlini döredýär. Şeýlelikde ol 1957-1959-njy ýyllarda Aşgabadyň Medeni aň-bilim tehnikumynyň kitaphanaçylyk bölüminde okaýar we ony tapawutlanan şahadatnama bilen tamamlaýar.
Ol tehnikumda kitaphanaçylyk işine degişli derslerden işine ussat mugallymlar E.Z. Nowruzowadan, E. Orakowdan, O. D. Döwletowadan, H. Hasanowdan saýlap alan hünäri boýunça ilkinji tälimleri alýar. Soň ol mugallymy Döwletowanyň ýardam bermegi bilen Moskwanyň döwlet medeniýet institutyna okuwa girýär. Ol institutda okan döwründe eýýäm işjanlylygy, adamkärçiligi bilen gowy tarapdan özüni tanadýar we düýpli bilim alýar. Onuň talyp döwründe döredijilige bolan höwesi ýüze çykyp başlaýar. Institutda professor L.A. Lewiniň ýolbaşçylyk edýän «Bibliografiýa» dersi boýunça ylmy gurnagyna gatnaşyp, onda «RSFSR-iň welaýat kitaphanalarynda hödürleýji bibliografiýa işi» atly temadan eden şowly doklady üçin 1962-nji ýylyň tomsunda Sankt-Peterburg şäherine 20 günlük ýeňillikli şertlerde syýahat etmäge mümkinçilik alýar. Instituty tamamlandan soňra Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ony ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasyna işe ýollaýar. Şol döwürden bäri onuň durmuşy, döredijiligi esasan kitaphana bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýar.
Almaz aganyň maşgala ojagyndaky iş otagyna girenimden onuň daş-töweregini dolduryp duran küti-küti kitaplarda ünsüm eglendi. Özem olar dürli dillerde neşir edilen kitaplar. Onsoň Almaz agadan bu kitaplary özüňiz okap başarýaňyzmy? Ýa-da maşgalaňyzda bu dillerden baş çykarýan terjimeçileriňiz barmy?— diýip soradym. Ol:
— Men rus, iňlis dillerinden gowy baş çykarýan. Aslynda ýazýan makalalarymy esasan rus dilinde ýazýardym. Moskwanyň dürli neşirlerinde uly göwrümli makalalarym bilen rus dilinde çykyş edýärin. Saýlan hünärime bolan söýgim dil bilmek höwesimiň ösmegine-de täsir etdi. Pars dilini-de öwrendim, başga-da käbir dilleri azda-kände bilýärin — diýdi.
Ol häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Kitaphanaçylyk we bibliografiýaşynaslyk» kafedrasynyň uly mugallymy bolup bu ugurdan talyplara bilim berýär hem-de ýaş hünärmenlere halypalyk edýär. Ol özüniň öňki işlän edaralary hakynda:
— 1963-nji ýyldan MYK-nyň baş bibliografy, 1965-nji ýyldan — ylmy bibliografiýa bölüminiň müdiri, 1967-nji ýyldan — direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary, 1973-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2017-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kitaphananyň direktory wezipelerinde işländigini aýtdy. Zähmet ýolunda alyp baran işleri bilen bagly: «Dürli ýyllarda kitaphanaçylyk işimde eden işlerim hakynda daşary ýurtly kärdeşlerimden gelen hatlar kändi. Şol hatlary-da gymmatly mirasym hökmünde saklaýardym. 1980-nji ýyllarda «Sowetskaýa bibliografiýa» žurnalynda uly göwrümli makalalarym çap boldy. Olardan hem bu ugurda iş alyp barjak indiki ýaşlara öwrenmäge juda kän zatlaryň bardygy üçin ýurdumyzyň Döwlet arhiwine tabşyrdym. «1480 fondy» diýip salgy berdi. Şu ýerde şol hatlardan käbirlerini okyjylara ýetirsek has-da ýerlikli bolar. Sebäbi anyk mysallardan, pursatlardan kän zatlara göz ýetirip bolýar:
Ynha, bu haty Almaz Ýazberdiýewe 1986-njy ýylyň ýanwar aýynda Garaçaýewa Çerkesiýaly ylmy işgär A.H.Kurmanseýitowa ýollapdyr. Ol hatynda Almaz aganyň kitabynyň özünde galdyran täsirini şeýle beýan edipdir: «Arap grafikasynda neşir edilen türkmençe kitaplar» atly eseriňiz üçin Size özümiň çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Biziň institutymyzyň işgärleri Aşgabada türkşynaslyk konferensiýasyna ugramakçy bolanlarynda men olardan Siziň kitabyňyzy getirmeklerini haýyş etdim. Haçan-da, bu konferensiýa gatnaşan Remezan, bu arzuwly hem bahasyz sowgady getirip maňa gowşuran mahaly, şatlygymyň çägi ýokdy. Men Siziň kitabyňyz bilen ilkinji gezek INION-yň referatiw žurnalynyň üsti bilen tanyşdym. Soň ony kitaphanaara abonenti boýunça buýrup aldym we ilik-düwme öwrendim. Siz öz halkyňyzyň ýazuw ulgamynyň bardygyny subut edip, ägirt uly iş bitiripsiňiz. Eýsem-de bolsa, Siz öz alymlaryňyza gör nähili bahasyna ýetip bolmajak sowgady peşgeş beripsiňiz. Siziň bu kitabyňyzyň esasynda birgiden beýleki ylmy-barlag işlerini alyp barmak mümkin, ahbetin. Hut Siziň kitabyňyz mende nogaý kitabynyň taryhy bilen meşgullanmak höwesini döretdi. Emma, diňe arzuwyň özi ýeterlik bolmaýar, arap grafikasynda türki dillerde ýazylan kitaplary çalt okap bilmek gerek, arap dilini öwrenmeli, şondan soň uzak ýyllaryň dowamynda olaryň gözlegine çykmaly. Häzir men arap elipbiýini, onuň bilen nogaý sözlerini ýazmagy öwrenýärin. Haçanda mende arap elipbiýindäki çeşmeleri okamak endigi belli derejede peýda bolan mahalynda, men özüme ylmy ýolbaşçy gözlärin. Eger men öz kitabymy Siziňkä kybapdaş edip döredip bilsem, onda durmuşymy biderek ýaşamandyryn diýip hasap ederin.
Öz kitabyňyzyň üstünde nähili edip başlandygyňyzy, ýagny, bi işdäki öz tejribäňizi maňa ýazyp ýollamagyňyzy çyn ýürekden haýyş edýärin. Ol meniň üçin örän peýdaly bolar. Özüme gerek bolan ähli edebiýatlary kitaphanalara abonentiniň üsti bilen we beýleki kitaphanalaryň ätiýaç gaznasyna buýrup alýaryn. Emma, hiç ýerden arap dilini özbaşdak öwrener ýaly okuw gollanmasyny ele salyp bilemok. WGBIL-e ýüz tutdym, hiç zat goýbermediler. Eger Siziň kitaphanaňyzyň ätiýaç gaznasynda arap diliniň okuw kitaby bar bolsa, baş üstüne ony bize goýberiň. Kitabyňyz üçin Size ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Hormatlamak bilen Aminat». Şu hatyň mazmunynyň özi Almaz Ýazberdiýewiň ýaşlykdan saýlan ugruna wepalylygyna, bu babatda näderejede iş bitirendigine göz ýetirmek kyn däl.
Şunuň ýaly dürli mazmundaky hatlar ýene-de kän. Orta Aziýanyň belli kitapşynasy professor G.N. Çabrow Ýazberdiýewiň bu eserine ýazan synynda onuň awtoryny «türkmen metbe kitabynyň taryhynyň ilkinji açyjysy» diýip atlandyrypdyr. Gazagystanda Ýazberdiýewiň bu işinden täsirlenip, şeýle kysymly görkezijini arap elipbiýinde, gazak dilinde neşir edipdirler. Ýazberdiýewiň bu kitabyny rus dilinde neşir etmek boýunça hem teklipler gelip gowuşýar. Şol teklipleri göz öňünde tutup, kitabynyň ylmy-barlag bölüminiň üstüni ýetirip, rus diline terjime edip hem-de çap bolup çykan kitaplaryň suratlaryny ýerleşdirip, ony Moskwanyň «Oriýent Press» neşirýatyna hödürleýär. Ol 1000 ekzemplýarda neşir edilýär. Almaz aga:
— 1984-nji ýyldan soň köne türkmen basma kitaplary baradaky ylmy oçerkiň üstünde täzeden işläp, mazmunyny has-da giňeldip, arap elipbiýinde neşir edilen kitaplar barada öň toplanan maglumatlary täzeden gözden geçirdim. Olary täze tapan çeşmelerimiň maglumatlary bilen baýlaşdyrdym. Netijede «Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary» atly giň göwrümli, has düýpli eserim döredi. Bu eserim öz hususy serişdämiň hasabyna 50 nusgada neşir edildi we ol hem arap grafikasynda neşir edilen eserlere bagyşlanan birinji kitabym ýaly, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy — diýip gürrüň berdi.
Almaz agada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy tarapyndan özüniň 80 ýaş ýubileýi hem-de ylmy döredijiliginiň we pedagogiki işleriniň 75 ýyllygy mynasybetli taýýarlanyp, durmuş ýoly bilen bagly ähli çeşmeleri öz içine alýan, ylmy işgärlere, kitapşynaslara, kitaphanaşynaslara, bibliografşynaslara, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, aspirantlara, doktorantlara, talyplara we giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bibliografik görkezijisi bar eken. Ol bu kitabynyň özünde ýekejesiniň bardygy üçin wagtlaýyn okamaga berdi. Ýogsa, Türkmenistanyň YA-nyň «Ylym» neşirýaty bu kitaby gaýtadan neşir etmegi meýilleşdiripdirem, ýöne Soýuz döwletiniň dargamagynyň golaýlaşmagy bilen ol amala aşman, kitap seýrek kitaplaryň hatarynda galypdyr. Kitapda taryh ylymlarynyň doktory Erkin Ahunjanow bilen Şemşat Altyýewanyň Almaz aganyň döredijiligi barada uly göwrümli, özem juda gyzykly hem täsirli makalasy bar. Şol makaladan bir parça:
Eýranly bir işgär A. Ýazberdiýewiň kitabynyň sahypalaryny gözden geçirip, şeýle mazmunly kitaplar bilen özüniň ýolbaşçysy professor G. Gulamhüseýinzadanyň juda içgin gyzyklanýandygyny, şonuň üçin hem,ony hökmany suratda oňa görkezmelidigini Almaz aga maslahat berýär. Professor hem öz gezeginde, Ýazberdiýewiň kitaby bilen tanyşýar we ondan bu kitabyny birnäçe wagt goýup gitmegini soraýar. 2004-nji ýylyň dekabr aýynyň ilkinji günleri Gulamhüseýinzada onuň kitabyny neşir etmek meselesi boýunça maslahata çagyrýar. Şonda G. Gulamhüseýinzada onuň kitabyna uly baha berýär we oňa bagyşlap kiçiräk sözbaşy ýazandygyny hem aýdýar. Emma kitabyň göwrüminiň uludygy sebäpli, onuň ylmy-barlag bölüminiň 7 babyndan, Orsýetde we Orta Aziýada arap elipbiýinde neşir edilişine bagyşlanan soňky 2 babyny galdyryp neşir etmekligi teklip edýär. Şeýlelik bilen şol gepleşikden soň bir aý geçmänkä, onuň kitaby Maşat şäherinde ýokary hilli çaphana usulynda 1000 nusgada çap edilýär. 2005-nji ýylyň Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda-da Aşgabada getirilýär.Ýazberdiýewiň bu işi belli bir derejede halkara derejesinde okyjylara mälim bolýar. Heniz onuň 2004-nji ýyldaky Maşat neşiri çap bolup çykmanka Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň işgäri zehinli ýazyjy, žurnalist hem terjimeçi Azymguly Bogde Ýazberdiýewiň bu kitabynyň ylmy-barlag bölümini, ýokarda ady tutulan 2002-nji ýyldaky az mukdardaky neşiri esasynda öz islegi boýunça terjime edip başlaýar. Bu iş tamamlanansoň, onuň üstüne kitabyň bibliografik bölümini hem goşup, taryh ylymlarynyň doktory A. M. Sarlynyň garamagynda, ol 2003-nji ýylda pars dilinde Gürgende neşir edilýär. Almaz aganyň iş stolunda pars dilinde çap bolan kitaplar başga-da kän eken. Ol pars dilindäki kitaplary hem irginsiz okaýandygyny aýtdy we gürrüňini şeýle dowam etdi.
— Türkmen dilinde neşir edilen kitaplaryň umumy retrospektiw bibliografiýasyny düzmek meselelerini çözmekligi teoretiki, amaly we iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly tejribe işlerini öwrenmekden başladym. Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny 1964-nji ýylda tamamlan döwrümden iki ýyl geçensoň, «Sowetskaýa bibliografiýa» atly bütinsoýuz žurnalda ilkinji göwrümli makalam çap edildi. Ol Türkmenistanyň döwlet Kitap palatasynyň bibliografik işlerine bagyşlanýar. Onuň ilkinji görnüşi talyp döwrümde ýazan kurs işimdi. Aradan iki ýyl geçensoň,1968-nji ýylda MDMI-niň aspiranturasynyň gaýybana bölümine girmekçi bolanymda ony referat hökmünde hödürledim. Institutyň alymlar geňeşi ony kabul etdi hemem makullady. Dissertasiýamyň temasyny « Orta Aziýa halklarynyň XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň birinji çärýeginde neşir edilen milli metbugatyny bibliografirlemegiň taryhyndan» diýip atlandyrdym.Ylmy ýolbaşçym maňa öz işleýän işim bilen bagly tema hödürledi. Emma öz saýlan temam hakynda pikirimi aýdanymda ol hem meniň bilen ylalaşdy.
Esasan meşhur rus gündogarşynas alymlarynyň, türk we eýran alymlarynyň, azerbaýjan, bibliografynyň, gündogar dillerindäki kitaplary hasaba alýan bibliografik görkezijilerini ilik-düwme seljerdim. Bulardan başga-da alymlaryň bibliografiki häsiýetdäki makalalaryny içgin öwrendim. Toplan maglumatlarymyň esasynda dissertasiýamyň ilkinji bölümleri boýunça ýazan 50 sahypa tekstimi ylmy ýolbaşçyma ugradanymda onuň ünsüni özüne çekipdir. Ylmy ýolbaşçym maňa aspiranturanyň gündizki bölümine geçmekligi we onuň bilen bagly meseleleri öz üstüne aljakdygyny aýtdy, ýöne maşgala ýagdaýym sebäpli okuwymy gaýybana dowam etdirmeli boldum. Dissertasiýamy goranymdan soň,Orta Aziýanyň halklarynyň kitabynyň taryhyny we milli bibliografiýasyny düzmek meselelerini has düýpli we giňişleýin öwrenip başladym — diýip gürrüň berdi. Onuň zähmet ýolunda bitiren işlerine uly-uly halypalar ýokary baha beripdir. Ynha, ýene bir mysal: Onuň ilkinji monografiýasyna ýazylan synlaryň awtorlarynyň biri Peterburgly meşhur alym-bibliograf, professor M. W. Maşkowa: «Kimde-kim Sowet Soýuzynyň halklarynyň milli bibliografiýasynyň taryhy bilen gyzyklanýan bolsa, Almaz Ýazberdiýewiň düýpli we çuňňur mazmunly monografiýasyna üns bermelidir. Bu kitaby hiç hili ikirjiňlenmän bibliografiýanyň taryhy boýunça ýazylan oňat işleriň hatarynda goýmak bolar» diýip nygtapdyr. Almaz aga özüniň alyp baran işleri barada:
— XX asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda, 80-nji ýyllarynda 1917-nji ýyldan öňki döwürde Orta Aziýada arap elipbiýinde ýerli halklaryň dillerinde kitap neşir edilişiniň aýratynlyklaryny ymykly öwrenip, şeýle-de Soýuzyň, milli Respublikalaryň iri kitaphanalarynyň we gündogarşynaslyk merkezleriniň gaznalarynyň şol döwürde türkmen dilinde neşir edilen kitaplar barada berýän ygtybarly, ýöne heniz doly bolmadyk maglumatlaryny toplap, olary bibliografirlemäge girişdim. Orta Aziýa Respublikalarynda kitaphanaşynaslyk, bibliografiýaşynaslyk we kitapşynaslyk pudaklary boýunça ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşyny anyk çeşmeleriň we delilleriň esasynda giňişleýin seljerip, onuň köptaraply derwaýys meseleleriniň çözgüdini orta goýup, 1980-nji ýylda Daşkentde Soýuzyň akademiki kitaphanalarynyň Bütinsoýuz ýygnagynda doklad bilen çykyş edipdim. Soň ol makala görnüşinde-de çap edildi — diýip gürrüň berdi. Onuň döredijiligi hakynda arhiw ýazgylardan alan ynha, şu aşakdaky maglumatymda:
«Almaz Ýazberdiýewiň «Arap grafikasynda neşir edilen türkmençe kitaplar» atly eseri türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde we onuň milli metbugatyny bibliografirlemekde uly täzelik hem-de ilkinji iş hökmünde Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar.Türkmenistanyň YA-nyň Jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň maslahatynda, bu eser resmi ýagdaýda bolmasa-da, giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylýar we geljekde, 1917-nji ýyldan öňki döwürdäki edebi mirasymyz barada ylmy işler ýazylanda ýa-da onuň bilen bagly edebi we medeni meseleler wagyz edilende A. Ýazberdiýewiň bu işiniň gözden salynmaly däldigi nygtalýar.1500 nusgada neşir edilen bu kitap gysga wagtyň içinde seýrek duş gelýän esere öwrülýär we oňa bolan gyzyklanma bolsa güýçlenýär. Aradan biraz wagt geçensoň, alymlaryň we aspirantlaryň topary Türkmenistanyň YA-nyň Prezidenti P.A.Azymowa rus dilinde ýazylan şeýle mazmundaky hat bilen ýüzlenýär» diýip bellenýär. Bu maglumatyň üstüni bolsa şu hat bilen ýetirsek has-da düşnükli bolar.
«Biz TSSR YA-nyň LDU-nyň, TDPI-niň aspirantlary we A. M. Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň mugallymlary A. Ýazberdiýewiň «Arap grafikasynda neşir edilen türkmençe kitaplar» atly işini gaýtadan neşir etmek boýunça Size haýyş bilen ýüzlenýäris. Ol biziň ählimizde uly gyzyklanma döretdi we dürli meseleler boýunça ylmy-barlag işleri alyp barmak üçin juda zerur. Emma ony özümiz satyn almak boýunça eden tagallalarymyz netijesiz bolup çykdy. Bu gerekli kitap bary-ýogy 1500 nusgada goýberilendigi üçin bireýýäm ýaýrap gutarypdyr. Biz Ýazberdiýewiň bu işini gaýtadan 5000 tiražda neşir etmegiňizi soraýarys». Şeýle haýyş bilen ýüz tutulmalaryň esasynda Türkmenistanyň YA-nyň «Ylym» neşirýaty bu kitaby gaýtadan neşir etmegi meýilleşdirýär, emma Soýuz döwletiniň dargamagynyň golaýlaşmagy bilen ol amala aşman, kitap seýrek kitaplaryň hatarynda galýar.
Umuman, Almaz aganyň döredijiligi hakynda ýene-de kän zatlar aýdyp boljak, ýöne ähli zady bir makalanyň çäginde bermek has uzak boljak. Belki, nesibe çekse, olar barada ýene-de ýazylar. Esasy zat, ýaşuly taryhçy Almaz aga uzak ýaş arzuw edýäris. Onuň döwletli maşgalasynda 4 ogul, 1 gyz perzentleri, 13 agtygy, 5 sany çowlugy bar. Maşgala ojagy abat, işlerinde üstünlik ýar bolsun!
Akgül SAPAROWA.