SPORT

Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary

Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynda “A” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň birinji duşuşygy şu ýylyň 10-njy aprelinde geçirilip, ol Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlanar. Ýygyndy toparymyzyň saýlama tapgyryndaky birinji garşydaşy Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy bolar. Bu barada tff.com.tm internet neşirinde habar berilýär.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysy ikinji oýnunda Eýranyň (11-nji aprel, 16:00) üçünji tapgyryň duşuşygynda bolsa Maldiwleriň (12-nji aprel, 16:00) ýygyndylary bilen duşuşar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama ýaryşyna gatnaşar. Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyryna gatnaşýan ýygyndylar toparçalaryň ikisinde bäsleşerler. Saýlama ýaryşlary merkezleşdirilen görnüşinde Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriler.

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Merkezi we Günorta sebiti (geçirilýän ýeri – Bişkek, Gyrgyz Respublikasy):

1-nji tapgyr (10-njy aprel):
“A” toparça
Eýran – Maldiwler (16:00)
Gyrgyz Respublikasy – Türkmenistan (19:00)

“B” toparça:
Özbegistan – Nepal (10:00)
Täjigistan – Owganystan (13:00)

2-nji tapgyr (11-nji aprel):
“A” toparça
Maldiwler – Gyrgyz Respublikasy (19:00)
Türkmenistan – Eýran (16:00)

“B” toparça:
Nepal – Täjigistan (10:00)
Owganystan – Özbegistan (13:00)

3-nji tapgyr (12-nji aprel):
“A” toparça
Eýran – Gyrgyz Respublikasy (19:00)
Türkmenistan – Maldiwler (16:00)

“B” toparça:
Özbegistan – Täjigistan (10:00)
Owganystan – Nepal (13:00)

Bellik: duşuşyklaryň başlanýan wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen.

 

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşine gatnaşýar

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy