Muhammetguly Atamuhammedowiç MUHAMMEDOW
1981-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 2003-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Gazi uniwersitetini ykdysatçy-dolandyryjy hünäri boýunça tamamlady.
2004 — 2008-nji ýyllarda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň düzümlerinde we bölümlerinde dürli wezipelerde işledi.
2008 — 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri bölümçesiniň esasy hünärmeni we müdiri.
2013-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
2014 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministri.
2017 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri boýunça esasy hünärmeni we müdiri. 2021-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň esasy buhgalteri, soňra — häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri bölümçesiniň müdiri.
“Magtymguly Pyragy” medaly, “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” we “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
***
Sapardurdy TOÝLYÝEW
1959-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň “Parahat” geňeşliginde doguldy. Ýokary bilimli. 1981-nji ýylda häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlady. Hünäri boýunça lukman.
1981 — 1983-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň A.N.Bakulew adyndaky Lukmançylyk ylymlary akademiýasynyň ýürek-damar hirurgiýasy institutynda kliniki ordinator hünär taýýarlygyny geçdi. 1983 — 1986-njy ýyllarda şol institutyň aspiranty. Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesi bar. 1987-nji ýylda häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde lukman-laborant wezipesinde işe başlady. Soňra 2007-nji ýyla çenli şol ýokary okuw mekdebinde dürli wezipelerde — kafedra assistenti, pediatriýa fakultetiniň dekanynyň orunbasary, dekany, okuw işleri boýunça prorektor wezipelerinde işledi. 2007-nji ýylda şu ýokary okuw mekdebiniň rektory wezipesine bellenildi. 2010 — 2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň saglygy goraýyş bölüminiň müdiri, 2011-nji ýyldan Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipelerinde işledi.
2011 — 2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, täze tehnologiýalar we innowasiýa meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipelerinde işledi.
2012 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy.
2018-nji ýylyň ýanwaryndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti.
2021-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça), Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy.
“Magtymguly Pyragy” medaly hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
***
Mährijemal Mekandurdyýewna MÄMMEDOWA
1973-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Saýat şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 1994-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça mugallymçylyk mekdeplerinde pedagog-psiholog, terbiýeçi.
Zähmet ýoluna 1994-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup başlady. 1997 — 1999-njy ýyllar aralygynda şol etrapdaky orta mekdepde pedagog-psiholog bolup işledi. 2000 — 2004-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdepde pedagog-psiholog bolup zähmet çekdi.
2004 — 2005-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 16-njy, soňra 51-nji orta mekdepleriniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
2010-njy ýylyň maý aýyndan 2011-nji ýylyň apreli aralygynda Aşgabat şäheriniň Çandybil etrap häkimliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparynyň I derejeli hünärmeni.
2011 — 2014-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary.
2014-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary.
2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (medeniýet meseleleri boýunça).
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
***
Şahym ABDRAHMANOW
1963-nji ýylda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ýagty ýol” geňeşliginde doguldy. Ýokary bilimli. 1986-njy ýylda häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça — dag inžener-geology.
1986-njy ýylda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň nebitgözleg ekspedisiýasynyň inžener-tehniki gullugynyň geology bolup zähmet ýoluna başlady. 1987 — 2005-nji ýyllar aralygynda şol korporasiýada dürli wezipelerde işledi.
2005-2006-njy ýyllarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Ýaşyldepe” nebitgaz çykaryjy müdirliginiň baş geology bolup zähmet çekdi. 2006 — 2014-nji ýyllar aralygynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň başlygy.
2014 — 2017-nji ýyllarda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” müdirliginiň başlygy.
2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy bolup işledi.
2020-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory.
2021-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça).
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
***
Esenmyrat ORAZGELDIÝEW
1966-njy ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 1991-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Hünäri boýunça inžener-mehanik.
1991 — 2001-nji ýyllarda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk maşynlarynyň ulanylyşy kafedrasynyň uly mugallymy bolup işledi.
2001-nji ýylda uniwersitetiň terbiýeçilik işleri baradaky prorektory, 2002-nji ýylda bolsa okuw işleri baradaky prorektory, 2004-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenildi.
2005-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary, 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda bolsa oba hojalyk ministri wezipesine bellenildi.
2010 — 2011-nji ýyllarda Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory.
2011 — 2015-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň häkimi.
2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
2016-2017-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň häkimi.
2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (oba hojalyk toplumy boýunça).
“Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, “Gaýrat” medaly, “Magtymguly Pyragy” medaly, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
***
Çarymyrat Hywaliýewiç PURÇEKOW
1968-nji ýylda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 1993-nji ýylda Türkmen politehniki institutyny inžener-elektrik hünäri boýunça tamamlady.
Zähmet ýoluna 1985-nji ýylda “Balkanenergo” önümçilik birleşiginiň “Serdarelektrikulgamlary» kärhanasynyň awtoslesary bolup başlady.
1993-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli şu kärhanada ussa, inžener, elektrotehniki gullugyň başlygy, soňra bolsa kärhananyň direktory wezipelerinde işledi.
2007-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Balkanenergo” önümçilik birleşiginiň baş direktory boldy.
2014-nji ýylyň aprel — noýabr aýlary aralygynda “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň baş inženeriniň orunbasary wezipesinde işledi.
2014-nji ýylyň noýabryndan 2017-nji ýyla çenli Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň başlygynyň orunbasary boldy.
2017-nji ýylyň fewraly — 2019-njy ýylyň apreli aralygynda energetika ministri.
2019-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary boldy.
2020-2021-nji ýyllarda energetika ministri.
2021-nji ýylyň iýulyndan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (gurluşyk-senagat toplumy boýunça).
“Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
***
Çary Baýramowiç GYLYJOW
1974-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginde doguldy. Ýokary bilimli. 1996-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini hukuk öwreniş hünäri boýunça tamamlady.
1996-1997-nji ýyllarda Balkanabat şäheriniň prokuraturasynda dürli wezipelerde işledi. 1999-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli Balkan welaýat prokuraturasynda dürli wezipelerde işledi.
2001 — 2003-nji ýyllarda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik müdirliginiň prokurory, şol müdirligiň maglumat-usul toparynyň uly prokurory.
2003 — 2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
2005 — 2012-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň prokurorynyň orunbasary.
2012-nji ýylda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
2016-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy.
2018-nji ýylyň aprelinden bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (söwda toplumy boýunça).
“Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
***
Raşid Öwezgeldiýewiç MEREDOW
1960-njy ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 1982-nji ýylda Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetini tamamlap, hukukçy hünärini ele aldy. Hukuk ylymlarynyň kandidaty.
1982-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy we raýat ýagdaýy kafedrasynyň mugallymy bolup zähmet ýoluna başlady. 1984 — 1987-nji ýyllarda Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň aspiranturasynda okady. 1987-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde raýat hukugy we raýat ýagdaýy kafedrasynyň mugallymy, uly mugallymy bolup işledi. 1990-njy ýyldan 1991-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginiň baş konsultanty, bölüm başlygy, müdirliginiň başlygy bolup işledi. 1991-nji ýyldan 1993-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hukuk goraýjy edaralarynyň işini ugrukdyrmak baradaky geňeşiň hukuk goraýjy edaralary bölüminiň müdiri bolup işledi. 1993-nji ýyldan Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň hukuk bölüminiň müdiri boldy. 1994-nji ýyldan Türkmenistanyň Mejlisiniň Hukuk meseleleri baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi. 1996-njy ýyldan başlap, şol bir wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Milli demokratiýa we adam hukuklary institutynyň direktorynyň orunbasary boldy.
1999-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellenildi, şol ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy. 2001-nji ýylyň maý aýynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy. 2001-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesine bellenildi, 2001-nji ýylyň awgust aýyndan şol bir wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Milli demokratiýa we adam hukuklary institutynyň direktory wezipesine bellenildi.
2003-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri boldy. 2005-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli Türkmenistanyň daşary işler ministri, 2007-nji ýylyň fewralyndan bäri bolsa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesinde işleýär.
«Galkynyş», “Garaşsyzlyk”, “Bitaraplyk” ordenleri, “Altyn asyr” ordeniniň III derejesi, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat», “Magtymguly Pyragy” medallary hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
***
Mämmethan Berdimyradowiç ÇAKYÝEW
1977-nji ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Akkel geňeşliginde doguldy. Ýokary bilimli. 1997-nji ýylda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny inžener-ykdysadyýetçi-menejer hünäri boýunça tamamlady. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň ýanyndaky Ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakulteti tamamlap, döwlet we harby dolandyryş hünärini ele aldy.
Zähmet ýoluna 1998-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky ahalteke atçylyk zawodynyň hasapçysy wezipesinde başlady. 1999-njy ýyldan 2008-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirliginde dürli wezipelerde — awtomatizirlenen hasabaty toparynyň uly inžener-programmaçysy, material hasabaty bölümçesiniň başlygy, merkezleşdirilen hasaphanasynyň baş hasapçysy, emläk-tehnika we harby üpjünçilik bölüminiň başlygy, hojalyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary, şu müdirligiň başlygy wezipelerinde işledi.
2008 — 2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary.
2014 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary.
2016 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy.
2017-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory.
2018 — 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça).
2019-njy ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (senagat we kommunikasiýa toplumy boýunça).
2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinde işledi.
2021-nji ýylyň iýulyndan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory.
III derejeli “Birkemsiz gullugy üçin”, “Mälikguly Berdimuhamedow” medallary, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medallary bilen sylaglanyldy. 2021-nji ýylda “Türkmenistanyň Watan goragçysy” diýen hormatly at dakyldy.
Aşgabat-Minsk ugry boýunça uçar gatnawy meýilleşdirilýär