BIZNES

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» forumyna taýýarlyk görülýär

Geljek hepdede — 29-30-njy martda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara maýa goýum forumy geçiriler. Onuň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet neşirinde habar berilýär.

Bu abraýly işewürlik forumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, türkmen döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Forumyň resmi hyzmatdaşlarynyň sanawy ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge daşary ýurt kompaniýalarynyň gyzyklanmasyndan habar berýär. Forumyň esasy hyzmatdaşy — SOCAR azerbaýjan kompaniýasy. CNPC hytaý kompaniýasy — platina hemaýatkäri, Dragon Oil arap kompaniýasy — altyn hemaýatkär, «Westport Trading Europe Limited (WTL) we «Yug-Neftegaz Private Limited» – kümüş hemaýatkäri, Petronas kompaniýasy, «Mitro International Limited» we ARETI halkara kompaniýalar topary — bürünç hemaýatkär boldular.

Forumyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda maýa goýumlaryna, iň täze nebithimiýa taslamalaryna we taslama mümkinçiliklerine jikme-jik seljerme berler, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary tejribesi we garaýyşlary bilen paýlaşar.

Forumyň barşynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň dünýä ýörelgeleri, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişi, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlary çekmek, gazhimiýa taslamalarynyň geljegi we beýleki meselelere garalar.

Tejribe alyşmak hem-de Türkmenistanda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada foruma gatnaşyjylara habar bermek üçin panelleýin mejlisleri we prezentasiýalary geçirmek meýilleşdirilýär.

Foruma Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşar.

Däp bolan görnüş bilen birlikde, foruma Zoom Professional platformasy arkaly dünýä döwletlerinden wekiller onlaýn gatnaşyp biler. Bu format Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen gepleşikleri guramak üçin hem ulanylar.

 

Ministrler Kabinetiniň täze düzüminiň agzalarynyň terjimehallary

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler