PEÝDALY MASLAHAT

Gök-önüm çorbasy

Gerekli önümler:

150 gram towuk göwsi ýa-da 2 sany budy

1 käse wermişel

1 käse ýag

6-7 bogun ysmanak

1 sany uly käşir

1 çaý çemçesi narpyz

2 çaý çemçesi duz

Marinady üçin:

3 nahar çemçesi gatyk

1 nahar çemçesi un

1 ýumurtganyň sarysy

2-3 damja limon suwy

1 käse çorbanyň öz suwy

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen towuklary gazana alyp, suw bilen dolduralyň, 1 çaý çemçesi duz goşup gaýnadyň. Gaýnadylan towuklary gapdala alyp, sowamagyna garaşalyň. Geliň, çorbanyň tagamyny aýratyn bir ýerde taýýarlalyň, munuň üçin ähli ingredientleri bir tabaga alyp, birkemsiz yzygiderlilik alýança garyşdyryp, gapdala goýalyň.

Indi, gazanyň içine ýag we gyrgyçdan geçirilen käşir alyp reňkiniň ýaga çykmasy üçin biraz wagt gowuralyň we wermişel, ysmanak goşup, towugyň çorbasyny goşalyň. Indi kesilen towugy goşalyň. Çorbanyň suwundan 1 käse alyp, çorbamyzyň kesilmezligi üçin ýuwaş-ýuwaşdan un garyndysyna goşalyň, soň bolsa narpyz we duz goşýarys. Marinawat eden garyndymyzy çorbamyzyň içine garyşdyryp guýýarys we gowy gaýnadyp, otdan alýarys. Işdäňiz açyk bolsun!

Türkmenistanda halkara bilim olimpiadalary geçiriler

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär