BIZNES

Birža täzelikleri: daşary ýurt işewürleri suwuklandyrylan gaz satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy, awtobenzini we arassalanmadyk parafini satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 56 million 447 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň we Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 16 million 42 müň manatlykdan gowrak el halylaryny, nah ýüplügi, buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy 13 million 989 müň manatlykdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

 

23 ýyldan soňra “Superboulda” çempion boldy

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler