Golland sorty. Niderlandlaryň ekerançylyk ylmy-barlag institutynda döredildi. Ýapraklary ýasy süýri, uzynlygy 8-12 sm, ini 7-10 sm, ýaprak çybygynyň uzynlygy 4,5-6,5 sm. Ysmanagyň bu sorty aralyk şahalanyp, boýy 82 sm ýetýär. Sort ir ýetişýär. 18-30 günden ýapragyny ýygyp bolýar. 31-70 günden gülleýär. 52-90 günde tohumy ýetişýär. Hasyllygy 330-350 g/ga. Bir ösümligiň agramy 22-27 g. Ir ýaz aýlary ösdürip ýetişdirmek maslahat berilýär.
Wiktoriýa sorty. Germaniýadan alnan, ýapraklary ownuk, ini 14-19 sm. Ýapraklary galyň, uzynlygy 8-10 sm, ini 6,5-7 sm, gögümtil ýaşyl reňki bolýar. Sort giç ýetişýär, hasylyny ýygnamak üçin 19-37 gün gerek bolýar. Güllemek üçin 42-53 gün talap edýär we tohumlary doly ýetişmegi üçin 68-102 gün gerek. Hasyllygy 263-353 s/ga. Bir ösümligiň agramy 25-28 g, hasyllylygy 92- 100%.
Nurbibi Taganowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.
Internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikleri dörediler