SIZDEN GELENLER

Ysmanagyň golland we wiktoriýa sorty

Golland sorty. Niderlandlaryň ekerançylyk ylmy-barlag institutynda döredildi. Ýapraklary ýasy süýri, uzynlygy 8-12 sm, ini 7-10 sm, ýaprak çybygynyň uzynlygy 4,5-6,5 sm. Ysmanagyň bu sorty aralyk şahalanyp, boýy 82 sm ýetýär. Sort ir ýetişýär. 18-30 günden ýapragyny ýygyp bolýar. 31-70 günden gülleýär. 52-90 günde tohumy ýetişýär. Hasyllygy 330-350 g/ga. Bir ösümligiň agramy 22-27 g. Ir ýaz aýlary ösdürip ýetişdirmek maslahat berilýär.

Wiktoriýa sorty. Germaniýadan alnan, ýapraklary ownuk, ini 14-19 sm. Ýapraklary galyň, uzynlygy 8-10 sm, ini 6,5-7 sm, gögümtil ýaşyl reňki bolýar. Sort giç ýetişýär, hasylyny ýygnamak üçin 19-37 gün gerek bolýar. Güllemek üçin 42-53 gün talap edýär we tohumlary doly ýetişmegi üçin 68-102 gün gerek. Hasyllygy 263-353 s/ga. Bir ösümligiň agramy 25-28 g, hasyllylygy  92- 100%.

Nurbibi Taganowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba  hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

 

Internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikleri dörediler

Related posts

Bagtly geljegiň aýdyň ýoly bilen

Bagtyýar durmuşyň bagtly gadamlary

Sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleri