DÜNÝÄ

Türkmenistanyň saýlawlary geçirmek boýunça topara degişli işleri geçirmek tabşyryldy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz mejlisde eden çykyşynda: «Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin.

Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.

Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin.” diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy Halk Maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlar baradaky öňe süren başlangyjyny makullaýan bolsaňyz, onda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmäge başlamagy nygtady. 

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Türkmenistanyň Prezidenti: durmuş we syýasy tejribämi Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine gönükdirmek isleýärin

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlyklary duşuşdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistan bilen Russiýa parlament gatnaşyklaryny ösdürýär

Saud Arabystanynyň wekiliýeti Awaza geldi

Ermenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler