TEHNOLOGIÝA

2022-nji ýylyň iň köp garaşylýan smartfonlary

Koronawirus we çip ýetmezçiligi sebäpli kyn günleri başdan geçiren smartfon pudagy, 2022-nji ýyla umyt baglaýar. Hususan-da, çip ýetmezçiliginiň azalmagy bilen ýakyn aýlarda täze telefonlaryň peýda bolmagyna garaşylýar.

Hünärmenler “Google” gözleg netijelerini seljerip, 2022-nji ýylda iň köp garaşylýan smartfonlaryň sanawyny düzdi

Iň köp garaşylýan telefon: “iPHONE 14”

“Apple”  kompaniýasynyň öňümizdäki sentýabr aýynda hödürlemegi göz öňünde tutulan “iPhone 14” modeli 1,1 million gezek gözlenip, ýylyň iň köp garaşylýan telefony boldy.

Ikinji ýerde 518 müň gezek gözlenilen we  ýakyn günlerde hödürlenjek “Samsung Galaxy S22” smartfony bar.

Şeýle hem 2022-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilen üçünji smartfony, 285 müň 470 gezek maglumatlary gözlenilen “iPhone SE 3” smartfony boldy.

Hytaý markalarynyň modelleriniň arasynda öňdebaryjy bolan “Vivo V23” 195 müň 700 gezek gözlendi. Mundan başga-da, “Xiaomi 12” smartfony hem köpleriň ünsüni özüne çekýär.

05-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar