Ýewropa Parlamentiniň başlygy Dawid-Mariýa Sassoli Italiýada aradan çykdy. Bu barada syýasatçynyň metbugat sekretary Roberto Kuillo mälim etdi.
-Dawid Sassoli 11-nji ýanwarda aradan çykdy” diýip, Kuilo “Twitter” jemgyýetçilik torundan habar berdi. Ýewropa Parlamentiniň başlygy immun ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli Italiýanyň Awiano şäherindäki keselhana ýerleşdirilipdi.
Sosialist Dawid-Mariýa Sassoli 2019-njy ýylyň iýul aýynda Ýewropa Parlamentiniň başlyklygyna saýlandy. Ol bu wezipä Antonio Taýaniniň ýerine gelipdi.
Sassoli professional žurnalist. Ol köp ýyllaryň dowamynda “Rai” döwlet teleýaýlymynda habarlar gepleşigini alyp bardy. 2009-njy ýylda Ýewropanyň parlamentiniň düzümine saýlandy. Bu ýerde uzak wagtlaryň dowamynda zähmet çekdi.
Sassoli Antonio Taýaniden soňra Ýewropa Parlamentiniň başlygy wezipesine saýlanan ikinji italiýalydyr. Meşhur syýasatçy 1956-njy ýylyň 30-njy maýynda dünýä inipdi. 65 ýaşynda hem aradan çykdy.