DÜNÝÄ

Ýewropa Parlamentiniň başlygy aradan çykdy

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Dawid-Mariýa Sassoli Italiýada aradan çykdy. Bu barada syýasatçynyň metbugat sekretary Roberto Kuillo mälim etdi.

-Dawid Sassoli 11-nji ýanwarda aradan çykdy” diýip, Kuilo “Twitter” jemgyýetçilik torundan habar berdi.  Ýewropa Parlamentiniň başlygy immun ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli Italiýanyň Awiano şäherindäki keselhana ýerleşdirilipdi.

Sosialist Dawid-Mariýa Sassoli 2019-njy ýylyň iýul aýynda Ýewropa Parlamentiniň başlyklygyna saýlandy. Ol bu wezipä Antonio Taýaniniň ýerine gelipdi.

Sassoli professional žurnalist. Ol köp ýyllaryň dowamynda “Rai” döwlet teleýaýlymynda habarlar gepleşigini alyp bardy. 2009-njy ýylda Ýewropanyň parlamentiniň düzümine saýlandy. Bu ýerde uzak wagtlaryň dowamynda zähmet çekdi.

Sassoli Antonio Taýaniden soňra Ýewropa Parlamentiniň başlygy wezipesine saýlanan ikinji italiýalydyr. Meşhur syýasatçy 1956-njy ýylyň 30-njy maýynda dünýä inipdi. 65 ýaşynda hem aradan çykdy. 

 

Fatih Terim “Galatasaraýdan” gitdi

Related posts

Türkmenistan-BAE: gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk

5-nji dekabr – Bütindünýä toprak güni!

Türkmenistan Oba hojalyk ösüşi boýunça halkara gurama agza bolar

Ata Watan Eserleri