SPORT

Fatih Terim “Galatasaraýdan” gitdi

Türkiýäniň meşhur futbol tälimçilerinden Fatih Terim “Galatasaraý” toparyndan 4-nji gezek wezipesinden boşadylýar. Türkiýäniň milli çempionatyndaky soňky döwürde ýüze çykan şowsuz duşuşyklar topayrň tälimçisi bilen şertnamanyň ýatyrylmagyna getirdi.

Türkiýäniň çempionatynda birinji orunda barýan “Trabzonspor” toparyndan 22 utuk yzda barýan “Galatasaraý” toparynyň ýolbaşçylary topara täze tälimçi bellemek kararyna geldi.

“Imperator” lakamly Fatih Terim “Galatasaraý” toparynda 4-nji gezek tälimçilik etdi. Ol soňky gezek wezipä 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bellenipdi. Onuň 4-nji döwründe topar 176 duşuşygyň 97-sinde ýeňiş gazanyp, 44 duşuşykda ýeňildi.

“Galatasaraý” toparynyň ýolbaşçysy Burak Elmas we ýolbaşçy düzümi Terimiň ýerine täze tälimçi gözleýär. Häzirki wagtda metbugatda meşhur ispan tälimçisi Hosep Gwardiolanyň kömekçisi bolan Domenek Torrent bilen gepleşikler geçirilýändigi aýdylýar.

Käbir metbugat çeşmelerinde. Torrent bilen 2 ýyllyk şertnama taslamasynyň taýýarlanandygy hem bellenilip geçilýär.

Fatih Terim “Galatasaraý” toparynda ozal 1999-2000-nji ýyllarda, 2002-2004-nji ýyllarda, 2011-2013-nji ýyllarda işledi. Şol döwürde topar Türkiýäniň milli çempionatynda 8  gezek çempion boldy.

Fatih Terimiň ýolbaşçylygynda UEFA Kubogyny gazanan ýeke-täk türk topary “Galatasaradyr”.

 

«Ahal» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri