SPORT

Dünýäniň iň baý topary ilkinji transferini etdi

Dünýäniň iň baý topary bolan Angliýanyň “Nýukasl Ýunaýted” ilkinji transferini amala aşyrýar. Saud Arabystany Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Selmana degişli bolan maýa goýum kompaniýasy tarapyndan 300 million funt-sterlinge satyn alnan Angliýanyň “Nýukasl Ýunaýted” topary özüniň düzümini güýçlendirmäge başlady.

Bu toparyň ilkinji transferi babatda ylalaşyk gazanyldy. Topar ozal, Angliýanyň milli çempionatynyň düzümindäki toparlarda oýnan, soňra Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyna geçen Kieran Trippieri düzümine goşýar.

“Sky Sports” neşiriniň habaryna görä, “Nýukasl Ýunaýted” topary “Atletiko Madrid” topary bilen goşmaçalar hem göz öňünde tutulyp, 12 million ýewro möçberinde ylalaşyga geldi.

“Premýer Liganyň” wekili iňlis futbolçynyň lukmançylyk barlagyndan geçmegine garaşýar. “Atletiko Madrid” topary Trippieriň galmagyny islese-de, 31 ýaşyndaky futbolçy öz ýurdunda futbol oýnamaga höwes bildirýär.

Kieran Trippier 2019-njy ýylyň iýulynda “Tottenhem” toparyndan “Atletiko Madrid” toparyna geçipdi.

 

5-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri