SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron”: Eýran Türkiýä syýahatçylygy togtatdy

Soňky döwürde koronawirus wakalarynyň sanynyň köpelýän ýurdy bolan Eýran öňüni alyş çäräsi hökmünde birnäçe ýurtlar bilen gatnawlary togtatdy.

Ýakyn Gündogarda koronawirus ýokanjyndan iň köp täsirlenen Eýran Yslam Respublikasy “omikron” görnüşiniň ýaýramagy bilen Angliýa, Fransiýa, Daniýa we Norwegiýa ýaly döwletlerden syýahatçylaryň we myhmanlaryň kabul edilmejekdigini habar berdi. Döwlet telewideniýesi bu ýurtlardan gelýänler üçin gapylarynyň 15 günüň dowamynda ýapyk boljakdygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan, noýabr aýynyň ahyrynda Günorta Afrika we sebitdäki 7 ýurt üçin şuňa meňzeş gadaganlyk kararynyň 15 gün uzaldylandygy bellenildi.

Şeýle hem Eýranyň ýolbaşçy düzümi soňky döwürde meşhur syýahatçylyk merkezi bolan Türkiýä gury ýer gatnawyny wagtlaýynça togtatmak kararyna geldi.

85 million ilaty bolan Eýran Yslam Respublikasynda 51.3 million adam sanjymyň 2 dozasyny hem aldy.

 

“Omikron” howa gatnawlaryna hem täsir edýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: elektron wiza we bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary göz öňünde tutulýar

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri