SPORT

“Şagadam” topary Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finaly geçirilip, onda “Ahal” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşdylar. Bu barada ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Tütkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” stadionynda geçirilen duşuşykda döreden mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan “Şagadam” topary taryhynda ikinji gezek Kubok ugrundaky bäsleşikde ýeňiş gazandy – 1:0. “Şagadam” toparyna ýeňiş getiren topy Mekan Aşyrow öz adyna ýazdyrdy.

“Şagadam” topary mundan öň 2007-nji ýylda Kubok ugrundaky bäsleşikde ýeňiş gazanypdy.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy:

“Ahal” – “Şagadam” – 0:1
Gol: 21 Mekan Aşyrow (“Şagadam”)
Duýduryş: 61 Mirza Beknazarow (“Ahal”)
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: Rustam Japarow (Aşgabat ş.)

 

23-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Ronaldo «Al-Nasr» bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy

Ronaldo “Al-Nasr” futbol kluby bilen şertnamasyny uzaldar

Türkmenistanly tälimçi Litwanyň “Daýnawa” toparyna tälim berer

Garet Beýl “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýär

Ata Watan Eserleri

Halkara Olimpiýa komitetiniň täze ýolbaşçysy wezipesine girişdi

“Oklahoma” taryhynda ilkinji gezek NBA çempiony boldy