SPORT

“Inter Maýami” topary KONKAKAF Çempionlar kubogynda çärýek finala çykdy

ABŞ-nyň Fort-Loderdeýle şäherindäki “Çeýz Stedium” stadionynda KONKAKAF Çempionlar kubogynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy geçirildi. Onda Lionel Messili “Inter Maýami” topary “Neşwill” toparyny 3:1 hasabynda utdy.  Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlanypdy.

Jogap duşuşygynda 8-nji minutda urugwaýly hüjümçi Luis Suares tapawutlandy. Duşuşygyň 23-nji minutynda Lionel Messi we 63-nji minutynda Robert Teýlor tapawutlanyp, “Inter Maýami” toparyny çärýek finala çykardy.

“Inter Maýami” topary KONKAKAF Çempionlar kubogynyň 1/4 finalynda “Monterreý-Sinsinati” toparlarynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy