SPORT

“Formula 1” türgeni öz ýurdunyň baýlarynyň sanawyna girdi

“Formula 1” türgeni we bassyr 2 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp gelýän Maks Ferstappen Niderlandlar Patyşalygynyň iň baý adamlarynyň 500-siniň sanawyna girdi.

“Red Bull” toparynda çykyş edip, “Formula 1” ýaryşlarynda rekord goýýan Maks Ferstappeniň 120 million ýewro baýlygy bar. Ol häzirlikçe bu sanawda soňky orunda durýar. Onuň 30 million ýewrolyk aýlygy, şeýle hem “Jumbo”, “CarNext”, “Viaplay” we beýleki birnäçe kompaniýalar bilen baglaşan hemaýatkärlik şertnamalaryndan gazanjy bardyr.

Şeýle hem Maks bu sanawyň iň ýaş agzalarynyň biridir.

Niderlandlar Patyşalygynyň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny Şarlen de Karwalýo-Haýkenen eýeleýär. Şol bir wagtda ol “C&A” egin-eşik dükanlarynyň toruna eýeçilik edýän Brennikmaýer maşgalasyna degişlidir.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy