2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy düýbünden üýtgeşik bolar. Adatça, stadionda geçirilýän açylyş dabarasy bu gezek Sena derýasynyň kenarynda guralar.
Bu barada Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “L’Equipe” gazetine beren interwýusynda belläp geçdi. Pariž şäheri Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy üýtgeşik etmek üçin häzirden taýýarlyk görýär.
– Açylyş dabarasy şäheriň möhüm bölegi hasaplanýan Sena derýasynyň kenarynda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, guramak meýilleşdirilýär. Biz bu açylyş dabarasynyň hemmeler üçin açyk bolmagyny islýäris. Ony adaty bolmadyk we innowasion esasda guramagy göz öňünde tutýarys – diýip, Prezident Makron belledi.
Ol Fransiýanyň Milli olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Toni Estange, şeýle hem Pariž şäheriniň häkimligi, dürli döwlet we hususy pudagyň wekilleri bilen guramaçylyk işlerine taýýarlyk görýändiklerini belledi.
Dabara Parižiň ýüreginde geçiriler. Türgenler we gatnaşyjylar gaýyklar bilen derýadan geçerler. Olar Austerlis köprüsinden Ýens köprüsine çenli aralygy geçerler.
Dabara gatnaşjak döwlet Baştutanlary, resmi wekiliýetler we türgenler üçin Trokadero meýdanynda oturylýan meýdança dörediler. Şol ýerde Olimpiýa alawy ýakylar. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda geçiriler.
3-NJI OLIMPIÝA OÝUNLARY
Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheri 3-nji gezek tomusky Olimpiýa oýunlaryny gurnar. 2024-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryny Parižde gurnamak baradaky çözgüt 2017-nji ýylyň sentýabrynda Lima şäherinde geçirilen Halkara Olimpiýa komitetiniň 131-nji mejlisinde kabul edildi.
Pariž şäherinde mundan ozal, 2 gezek tomusky Olimpiýa oýunlary geçirildi. Fransiýanyň paýtagty 1900-njy we 1924-nji ýyllarda Olimpiýa oýunlary kabul etdi.
2024-nji ýylyň 26-njy iýuly-11-nji awgusty aralygynda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna 10.5 müň türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.