SPORT

33 ýyldan soňra

Germaniýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň (“Bundesliga”) güýçli toparlarynyň biri hasaplanýan “Şalke” topary 33 ýyldan soňra şowsuzlyga uçrady. Topar indiki möwsümde “Bundesliga”-da çykyş etmek mümkinçiligini ýitirdi. Ikinji liga düşdi.

Çempionatyň 30-njy tapgyrynyň çäklerinde “Arminiýa” toparyndan 1:0 hasabynda utulan “Şalke” topary 30 duşuşykdan soňra bary-ýogy 13 utuk toplap bildi. Şeýlelikde çempionatyň ýokary ligasynda çykyş etmek mümkinçiligini ýitirdi. Bu ýagdaý 33 ýyldan soňra täzeden gaýtalandy.

“Şalke” topary soňky gezek 1988-nji ýylda ýokary ligadan ikinji liga düşüpdi. Şonda 3 möwsüm ikinji ligada çykyş edip, 1991-nji ýylda täzeden ýokary liga gaýdyp gelipdi.

 

“Apple”-iň täze önümleri: iň güýçli planÅŸet

 

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder