JEMGYÝET

Täze açylan “Aşgabat” söwda merkezine awtobus gatnawy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 108-nji “Teke bazar – “Aşgabat” söwda merkezi” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi internet sahypasynda bellenilýär.

  • 108-nji “Teke bazar – “Aşgabat” söwda merkezi” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar   M. Kaşgary köçe – D. Azady köçe – A. Nyýazow şaýoly – S. Seýdi köçe – Tahran köçe – Mollanepes köçe bilen hereket edip, yzyna A. Nowaýy köçe – D. Azady köçe – A. Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91

 

Geldi Bäşiýew: Gözelligiň waspçysy

Related posts

Hiç haçan bir öz güýjüňize bil baglamaň!

vepa

AŞTU ýene bir täze hyzmaty hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren başlangyçlary

Ata Watan Eserleri