JEMGYÝET

Ýaşlaryn sagdyn bolmagy üçin sport möhümdir

Türkmenistanyň Prezidenti 13-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde saglyk bilen bagly dürli meseleleri döredýän, käbir kesellere getirýän hereketsiz durmuş ýagdaýy barada durup geçmek bilen, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin sagdyn gurşawy döretmegiň, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen meşgullanmaga we ekologiýa abadançylygy bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Häzir dünýäde kompýuter we maglumat ulgamynyň ösmegi bilen, çagalar ençeme sagatlap kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen güýmenýärler. Döwlet Baştutany mekdeplerde hepdede üç gezek bedenterbiýe sapagyny girizmek ýa-da her şenbe güni sport gününi geçirmek meselesine seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu tekliplere Ylymlar akademiýasynyň alymlary bilen bilelikde seretmegi we bu ugurda maksatnama taýýarlamagy tabşyrdy.

Related posts

TIF-2024: Aşgabatda 18 şertnama we ähtnama gol çekildi

Wise-premýerler welaýatlara sapara ugradyldy

18-nji iýun – Halkara piknik güni

Ata Watan Eserleri