SPORT

Angliýanyň futbol toparlarynda koronawirus wakalary köpelýär

Dünýäniň iň köp tomaşa edilýän futbol çempionatlarynyň biri bolan Angliýanyň “Premýer-liga” çempionaty koronawirus ýokanjy sebäpli kyn günleri başdan geçirýär.

Ilkibaşda, bu çempionatda çykyş edýän “Tottenhem” toparyndaky futbolçylarda koronawirus ýokanjy peýda boldy we topar karantin çärelerine tabyn edildi. Şonuň netijesinde, London toparynyň Konferensiýa ligasyndaky Fransiýanyň “Renn” topary bilen geçirmeli duşuşygy ýatyryldy. UEFA guramasy bu duşuşygy geçirmekden hem ýüz öwürýär. Şeýlelikde, Angliýanyň abraýly “Tottenhem” topary Konferensiýa ligasynda toparçada üçünji orny eýeläp, indiki tapgyra çykmakdan mahrum bolýar.

“Tottenhem” toparyndan soňra Kristiano Ronaldoly “Mançester Ýunaýted” toparynda hem koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly wakalar ýüze çykdy. Bu topar hem karantin çärelerini berjaý eder.

Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynyň 17-nji tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” toparynyň “Brentford” topary bilen bolmaly duşuşygy ýatyryldy. Lukmançylyk geňeşçileriň maslahaty bilen “Mançester Ýunaýted” topary koronawirus ýokanjy sebäpli duşuşyga çykarylmady.

Topar tälimçilik bazasyny bir gije-gündizligine ýapdy. Koronawirus ýokanjy peýda bolan futbolçylar karantin çärelerine tabyn edildi.

 

“Time” žurnaly “ýylyň adamyny” saýlady

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov