DÜNÝÄ

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýazi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Gepleşikleriň dowamynda Mohammad Faýazini ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.

Diplomatlar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy çagalaryň saglygyny goramak we ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň ulgamlaýyn işleri alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň bu syýasaty özara baglanyşykly we biri-biriniň üstüni ýetirýän strategiýalaryň hem-de hereketleriň meýilnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek, şeýle hem gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ähli tagallalary etjekdigini belledi.

 

Türkmenistan ÝHHG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi