SPORT

Messi 7-nji gezek “Ballon d’or” baýragyny gazandy

Şu ýylyň tomsunda Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçmek bilen dünýä ýaň salan argentinaly Lionel Messi 7-nji gezek “Ballon d’or” baýragyny gazandy.

“Ballon d’or” ýa-da “Altyn pökgi” baýragy futbolçylara berilýän iň ýokary sylagdyr. “France Football” neşiri tarapyndan 1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän bu baýrak diňe 2020-nji ýylda koronawirus ýokanjy sebäpli gowşurylmady.

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki Çatelet teatrynda geçirilen dabarada “Ballon d’or” baýragyna 2021-nji ýylda gazanan futbolçy mälim edildi. Ony Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň futbolçysy Lionel Messi gazandy.

Dabarany Sany Heribert hem-de köp ýyllaryň dowamynda futbol oýnan Didier Drogba alyp bardy.

2009-njy, 2010-njy, 2011-nji, 2012-nji, 2015-nji hem-de 2019-njy ýyllarda bu abraýly baýragy gazanan Messi 2021-nji ýylda 7-nji gezek “Ballon d’or” baýragynyň eýesi boldy. Ol şol bir wagtda bu baýragy iň köp gazanan futbolçy hökmünde öz rekordyny artdyrdy.

Şeýlelikde, Messi Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzüminde bu baýraga mynasyp bolan ilkinji futbolçy boldy.

Messiniň esasy bäsdeşi portugaliýaly Kristiano Ronaldony bolsa bu baýraga 5 gezke mynasyp bolupdy.

34 ýaşyndaky Messi şu ýyl Argentinanyň milli ýygyndysy bilen “Kopa Amerika” kubogyny gazanyp, milli ýygyndy bilen ilkinji kubogyny gazandy.

“Ballon d’or” baýragyny almak ugrundaky ýaryşyň ses berlişiginde ikinji orny polşaly Robert Lewandowski, üçünji orny italiýaly Jorjinýo eýeledi. Ähli bilermenler şu iki futbolçynyň birini bu baýraga mynasyp boljakdygyny çaklaýardylar.

Messi ses berlişikde 618 utuk, Lewandowski 580 utuk, Jorjinýo bolsa 460 utuk toplady.

  • Dabarada “Iň gowy zenan futbolçy” baýragyna “Barselona” toparynyň ýarymgoragçysy Aleksia Putellas mynasyp boldy.
  • Polşaly Robert Lewandowski “Ýylyň hüjümçisi” baýragyny eýeledi.
  • Angliýanyň “Çelsi” topary bolsa “Ýylyň topary” baýragyny gazandy.
  • Möwsümiň 21 ýaşdan kiçi futbolçysyna berlen “Kopa” kubogyny “Barselona” toparynyň futbolçysy Pedri gazandy.
  • “Ýylyň iň gowy derwezebany” üçin gowşurylýan Lew Ýaşin baýragyna Italiýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Juanluji Donnarumma eýeledi.

“France Football” žurnalynyň 1956-2009-njy ýyllarda gowşuran “Altyn pökgi”  baýragy bilen FIFA-nyň 1991-2009-njy ýyllarda saýlan  “Dünýäde ýylyň futbolçysy” sylagy birleşdirilip, 2010-njy ýylda “FIFA Altyn Pökgi” baýragyna öwrülipdi. Bu sylag 2016-njy ýylda ýatyrylypdy.

 

30-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Aleksandr Usik-Taýson Fýuri: ýylyň boksy Saud Arabystanyda geçiriler

Gwardiola “Mançester Siti” topary bilen 2 ýyllyk täze şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Gwardiola üçin täze teklip

Maýk Taýson-Jeýk Pol: boks tutluşygynyň rekordlary

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi