SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

30-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Gündelik täleýnamany bilmek siziň köpiňiz üçin gyzykly bolsa gerek. Hut şol sebäpli-de size 30-njy noýabr gününiň ýyldyzlaryňyza görä täleýnamasyny hödürleýäris.
Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlarygiňişleýin okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Iki taraply gün. Başlygyňyz bilen çynlakaý gürrüňdeşlige taýyn boluň. Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyzyň goldawyny duýarsyňyz, ýöne günüň başyndaky kynçylyklar arkaýynlaşmaga ýol  bermez. Özüňizi alyp barş taktikaňyzy üýtgetmeli bolmagyňyz mümkin. Bu gün bedenterbiýe  bulen meşgullanmak üçin diýseň peýdalydyr. Bu gün düýşüňiziň amala aşmak ähtimallygy  ýokarydyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün täze duşuşyklar, garaşylmadyk tanyşlyklar bilen tapawutlanyp bilner. Söýgüde bu gün doly derejede düşünişmekligi ýola goýarsyňyz. Erkekler sowutlar ejesine, aýalyna, gyzyna,uýasyna has köp üns bermeli. Şeýle-de bolsa, agşam hemme zada wagtlaýyn nägilelik bolup  biler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Täze meýilnamalar hakda pikir etmek üçin gaty bir gowy gün däl. Bu gün haýsydyr bir jedellere goşulmazlyk üçin gaty seresap we ünsli bolmaly, sebäbi bu gahar-gazaba we ýadawlyga sebäp bolar. Özüňize aýdylýan tankydy bellikleri asuda kabul etmäge çalşyň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün durmuşyňyzda haýsydyr bir zady üýtgetmek islegiňiz bolar. Ýöne howlukmaň – bu gün düýpli üýtgeşmeler üçin iň amatly gün däl. Köne söýgi meselesinde şowlulyklar ähtimal.Saglygyňyza üns beriň. Beden maşklary bilen meşgullanmak size aýratyn lezzet we peýda berer.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Täze işe başlamak, täjirçilik syýahaty, resminamalara gol çekmek üçin amatly gün. Hemme zatda  aýgytly hereket ediň, ýöne inisiatiwany hiç kime ynanmaň. Günüň ikinji ýarymynda biderekligiňiz  we egoistligiňiz beýlekileri gaharlandyrar we gapma-garşylyklara sebäp bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün islegleriňizi kanagatlandyrmak üçin gowy gündür. Günüňizi ruhy ösüşe sarp ediň. Erbet endiklerden we adamlardan dynmaga synanyşyň. Netijede, durmuşdaky päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin zerur bolan ajaýyp ruhy we fiziki potensialy alarsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Işjeň gün.  Bu gün siziň aýgytly başlangyçlaryňyz  we diplomatiýaňyz iş we maşgala
gatnaşyklaryna gowy täsir eder. Şonuň üçin meseleleri çözmegi ertire goýmaň. Bu gün kazyýet    işi, işewür gatnaşyklar, nikalaşmak üçin amatly.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün täze duşuşyklary, garaşylmadyk tanyşlary öz içine alýar. Belki, ýoluňyzda hyýaly däl-de, hakyky duşman bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Garaşylmadyk çykdajylar ähtimal. Bu gün gödek bolmaga synanyşyň. Günüň ikinji ýarymynda ýagdaý gowulaşyp biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Işjeňligiňiziň peselmegi we depressiýa bilen baglanyşykly oňaýsyz gün. Günüň birinji ýarymynda ownuk kynçylyklar bolup biler, ikinji ýarymynda hyzmatdaşlar we ýakynlar bilen gatnaşyklarda özara düşünişmek we sazlaşyk gazanmak üçin adatdakysyndan has köp tagalla etmeli   bolarsyňyz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün seresap boluň – nerw bozulmalary bolup biler. Güýçli taraplaryňyza we
mümkinçilikleriňize aşa baha bermäň, olar çäksiz däl. Öňki zatlary dowam ediň, täze meýilnama  düzmäge synanyşmaň. Gatnaşyklaryň doly bozulmagyna sebäp bolup biljek düşünişmezlikler  ähtimal. Ýakynlaryňyza üns beriň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Gün ikitaraplaýyn häsiýetli bolar. Daluwlar häzirki wagtda esassyz optimizmden gaça durup
bilmezler. Olar köp zady ele alarlar, sebäbi güýçli we başarnyklaryna gaty ynamly bolarlar. Şeýle-de bolsa, işiň üstünlikli bolmagy ep-esli artýan maddy zerurlyklar bilen baglanyşykly bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Sizi işe we ýakynlaryňyza has ünsli bolmaga mejbur etjek käbir meseleler bolup biler.    Hat-da eden ýalňyşlyklaryňyz sebäpli olara boýun bolmak maslahat berilýär. Bu gün söýgi we dostluk üçin iň amatly gün bolar.

Prezident Ärdogan: YHG-niň söwda dolanyşygyny 100 milliard dollara çykarmalydyrys

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama