Filippinlerde dünýäniň iň garry ýaşaýjysy 124 ýaşynda aradan çykdy. Fransiska Susanonyň aradan çykandygyny Kabankalan şäheriniň häkimiýeti “Facebook” jemgyýetçilik torundan habar berdi.
– Söýgüli Fransiska Susanonyň aradan çykandygy baradaky habary ýüregimizde uly gynanç duýgularyny döretdi. Ol elmydama ylhamymyz we buýsanjymyz bolup galar -diýlip, beýanatda bellenilýär.
Dünýäniň iň uzak ýaşan ýaşaýjylaryndan bolan Susano duşenbe güni agşan ýogalypdyr. Ýerli saglygy goraýyş müdirliginiň habar bermegine görä, onda hiç hili wirus ýokanjynyň alamatlary duş gelmändigi bellenildi.
Susanonyň Ýer şarynyň iň garry ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabynda resmi taýdan tassyklandy. Ol 1897-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä inipdir.
Oktýabr aýynyň başynda Fransiýada Ýewropa sebitiniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykypdy. Žýul Teobald 112 ýaşynda aradan çykdy. Ol Fransiýanyň For-de-Franse şäherinde ýaşapdy. Ol 2019-njy ýylda Ýewropanyň iň garry ýaşaýjysy bolupdy. Ondan ozalky 111 ýaşyndaky Rože Owen şol ýyl dünýäsini täzeläpdi.