TEHNOLOGIÝA

Russiýanyň işewür uçary görkezildi

Russiýanyň “SSJ Aurus” işewür uçary BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen halkara awiasiýa sergisinde görkezildi. “Rosteh” edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Çemezow “Dubai Airshow” sergisiniň çäklerinde habarçylara beren beýanatynda, “SSJ Aurus” işewür uçarynyň bahasyny takmynan 40-50 million dollar aralygynda boljakdygyny belledi.

Bu uçaryň şuňa meňzeş daşary ýurrtly uçar öndürijileriň uçarlaryň arasynda arzan boljakdygy hem aýdyldy. Sergeý Çemezowyň aýtmagyna görä, bu uçar bilen eýýäm hem ýerli hem-de daşary ýurtly işewürler gyzyklanyp başlapdyr.

“Aurus Business Jet” – “SSJ 100” uçaryň täze işewür görnüşidir. Ol hem “Aurus” brendine degişli bolup, bu brende awtoulag, limuzin we dikuçar hem degişlidir. Işewür uçaryň 7200 kilometr aralyga uçmak mümkinçiliginiň bardygy bellenildi.

“Dubai Airshow” raýat we harby awiasiýa pudagynda öňdebaryjy sergileriň biri bolup, dünýädäki hökümet toparlarynyň, ýokary derejeli işewürleriň ünsüni hemişe özüne çekýär.

Dubai Airshow, her iki ýylda bir gezek geçirilýän dünýädäki iň uly sergilerden biridir. Bu ýerdäki sergi meýdançasynyň meýdany 645 müň inedördül metre barabardyr.

Bu gezekki sergä dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan köp sanly uçar öndürijiler gatnaşýar. Sergi 14-18-nji noýabr aralygynda geçirilýär.

 

Serbiýalylar Ronaldony duruzdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy