Biziň hemmämiz durmuşda sagdyn we özümizi güýçli hem-de bagtly duýmagyň ýollaryny gözleýäris. Şeýle ýollaryň biri-de tans etmeklikdir. Tans sungaty her bir halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Tans sözi fransuz dilindäki “danse” sözünden gelip çykyp, “saza görä sazlaşykly hereket etmek” diýmekdir. Ýaponiýaly alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, tans diňe bir fiziki taýdan däl, psihologiki taýdan hem saglygymyzy saklamaga kömek edýän peýdaly maşkdyr. Hünärmenler sekiz ýyl bäri ýoga, pyýada ýöremek, gimnastika we sport bilen meşgullanýan 1000 zenanlarda barlag geçirdiler. Tans edenleriň 73%-niň beýleki sport görnüşlerini saýlan gatnaşyjylara garanda ýokary saglyk görkezijilerine eýe bolandygyny anykladylar. Tans etmekligiň esasy artkmaçlygy-da ony islendik ýaşdaky adam ýerine ýetirip biler. Tans saýlanyp alnanda fiziki işjeňlik hem nazarda tutulmaly, ortaça bir adam tans edende sagatda 250-400 kkal energiýa harçlap bilýär, emma bu görkeziji tansyň stiline we intensiwligine baglydyr.
Tansyň görnüşlerine görä, energiýanyň harçlanyşy: häzirkizaman jaz – sagatda 600 kkal, breýk tansy – 650 kkal, twerk tansy – 480 kkal, latyn tansy – 343 kkal, nusgawy balet – 429 kkal.
Tans ýerine ýetirilende bedeniň köp bölegini, myşsalaryny ulanýarys, şonuň üçin bu hobbi adaty türgenleşik bolup hyzmat edýär. Her adam hepdede azyndan 150-300 minut hereket etmeli, has takygy tans etmeli. Tans dürli beden näsazlyklaryny, nerw dartgynlygyny, aşa semizligi aradan aýyrmaga, ýadawlygy taşlap, ruhumyzy belende götermäge ýardam edýär:
Has-da gujurly bolmaga itergi berýär.
Maglumatlara görä, hepdelik tans sapaklary bedeni has güýçli edýär. Ol ukusyzlygy hem aýyrýar, çalt uklamaga kömek edýär.
Beýniniň işjeňligi artýar.
Ýerine ýetirilýän tans belli bir wagtda edilýän hereketleri ýatda saklmaga hem mejbur edýär, täze nerw baglanyşyklaryny döredýär we beýniniň birnäçe bölegini birbada gyjyndyrýar, netijede beýniniň ak maddasy güýçli ösýär.
Akyl we duýgy ýagdaýy gowulandyrýar.
Tans arkaly bedende serotonin we oksitosin gormonlar öndürilýär. Ýüze çykýan depressiýany aradan aýyrýar, ýakymsyz pikirlerden dynmaga esas döredýär, özüňe bolan hormatyň artýar hem-de ýalňyzlyk duýgusy ýok bolýar.
Tansyň haýsy görnüşini saýlamaly?
Hzirki wagtda tansyň 20-den gowrak görnüşi meşhurdyr. Tans saýlananda özüňize, ýüregiňize ýakyn bolan tansy hem-de şoňa gabat gelýän sazy saýlamaklyk maslahat berilýär.
Tans – bu sosial güýmenjedir, çünki tans sapaklarynda köpsanly pikirdeş adamlar bilen aragataşykda bolunýar, medeniýetli dynç alynýar, özüňe bolan ynamy güýçlendirýär. Bularyň ählisi bolsa tans etmegiň ynsan saglygyna ýetirýän köptaraplaýyn peýdasynyň şaýady bolup durýar.
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby