DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna nobatdaky sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň taýýarlap, ýurdumyzyň ýerli metbugatynda çapa beren habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna nobatdaky sapary, şeýle-de onuň dowamynda Türki geňeşiň VIII sammitiniň işine gatnaşmagy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, köptaraplaýyn derejede deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, döwletlerdir halklaryň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjek möhüm waka öwrüler.

Şol makaladan käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.

  • Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy.
  • Döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen we hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň giň gerimini öz içine alýan 170-e golaý ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy türkmen-türk gatnaşyklarynyň berk binýadyny emele getirýär.
  • 2007-nji ýylyň 6-njy dekabrynda döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-türk hökümetara toparynyň işi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kadalaşdyrýan netijeli gural bolup durýar.
  • Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup, haryt dolanyşygynyň derejesi boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
  • Döwletara gatnaşyklary geljekde has-da çuňlaşdyrmak üçin iki ýurduň arasyndaky baý söwda-ykdysady şertleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek.
  • Ikitaraplaýyn özara hereketlerde türki dilli döwletler bilen hyzmatdaşlyk hem aýratyn orun eýeleýär. Şunda 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) halkara hyzmatdaşlygyň netijeli syýasy meýdançalarynyň biri bolup çykyş edýär.
  • Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy bu düzümiň agzalary bolup, Wengriýa bolsa synçy derejesine eýedir.
  • Türkmenistanyň Prezidentimiň Türki geňeşiň ýokary derejeli sammitlerine birnäçe gezek gatnaşandygyny bellemek gerek.
  • Şu ýylyň 31-nji martynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl sammitinde hormatly myhman hökmünde çykyş etmek bilen, türkmen Lideri foruma gatnaşyjylaryň ünsüni ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we halkara, sebit derejesindäki üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýaly halkara derejede derwaýys ähmiýete eýe bolan meselelere çekdi.

 

Abiwerdde täze tapyndylar tapyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri