DÜNÝÄ

Dünýäniň iň uly gül bagy

Dünýäniň iň uly gül bagy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde döredildi. Bu ýerde güllerden ýasalan äpet uly heýkeller we güller köpleriň ünsüni çekýär.

Dubaý gül bagy dünýädäki iň uly tebigy gül bagy we sebitdäki we dünýäniň iň köp zyýarat edilýän ýerleriň biri hasaplanýar. 150 million töweregi güllerden ybarat dürli ajaýyp gül şekilleriň sazlaşygy emele gelýär. Olaryň köpüsi dürli reňkli nagyşlar we şekiller bilen jemlenendir.

Bu ýerde BAE-niň esasy awiakompaniýasy bolan “Emirates” howaýollary kompaniýasynyň uçarynyň gülden ýasalan heýkeli hem haýran galdyrýan täsinlikleriň biri bolup durýar.

Dubaýyň bu iri gül bagy özünde dürli ýyllaryň dowamynda döredilen şekilleri bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. Her ýyl Dubaý gül bagy özüni täzeleýär we gelýänlere has dürli düşünjeleri we dizaýn tejribelerini getirýär.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy

31-nji oktýabr Bütindünýä şäherler güni.

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ylalaşygyndan hoşal boldy