BIZNES

“Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy üçin enjamlar satyn alnar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine:

Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Technologies Co., Ltd” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga;

Lebap we Mary welaýatlarynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Finlýandiýa Respublikasynyň “Nokia Solutions and Networks Oy” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

Ýük daşamak üçin alynýan ýygymlar hem-de tölegler bellenildi

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär